Ï Türkmenistan SPECA ýurtlarynyň sergisine gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan SPECA ýurtlarynyň sergisine gatnaşdy

view-icon 4610
Türkmenistan SPECA ýurtlarynyň sergisine gatnaşdy

BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýeti üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) döredilmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli Bakuda birnäçe çäre, şol sanda SPECA ýurtlarynyň «Durnukly ösüş maksatly sebit hyzmatdaşlygy» atly sergisi-de geçirildi.

Azerbaýjan, Türkmenistan, Gazagystan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Owganystan maksady agzalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we olaryň dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagyny goldamak bolan bu maksatnama gatnaşýan döwletlerdir.

24-nji noýabrda başlanjak SPECA sammitiniň bosagasynda açylan bu sergä gatnaşan döwletler dürli ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ykdysady gorlary we mümkinçilikleri bilen birek-biregi tanyşdyrdylar.

Sergide Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasy we Senagatçylar hem telekeçiler birleşigi tarapyndan taýýarlanan ýurduň energetika pudagyndaky mümkinçiligi, dürli pudaklaryň önümleri, gurluşygyň gerimi we «akylly» şäher Arkadag, şeýle hem dokma senagatynyň we milli senetleriň dürli önümleri, ýurdumyzyň telekeçileriniň önümleri bilen tanyşdyrýan suratlardyr wideolar ýerleşdirilipdir.