Ï Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe gümrük hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe gümrük hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar

view-icon 5152
Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe gümrük hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, Azerbaýjanyň Döwlet gümrük komitetiniň we Türkiýäniň Söwda ministrliginiň wekilleri onlaýn-duşuşyk geçirdiler.

Duşuşyk üç ýurduň Hökümetleriniň arasynda gümrük hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki maslahat toparyny döretmek baradaky özara düşünişmek Ähtnamany durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

Taraplar Bilelikdäki maslahat toparyny döretmek barada ylalaşdylar we toparyň ilkinji mejlsiniň geçiriljek ýerini we wagtyny kesgitlediler. Şeýle hem üç ýurduň gümrük serhedinden geçýän harytlar we ulaglar barada özara maglumat alyşmagyň geljegine garadylar.

2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Hökümetleriniň arasynda gümrük hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki maslahat toparyny döretmek barada özara düşünişmek Ähtnama gol çekildi. Resminama döwletleriň arasynda harytlaryň çalt geçirilmegi, haryt dolanyşygyny artdyrmak üçin gümrük amallaryny ýeňilleşdirmäge we özara maglumat alyşmaga gönükdirilendir.