Ï «Warziş» teleýaýlymy Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň tutluşyklaryny göni ýaýlymda görkezýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Warziş» teleýaýlymy Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň tutluşyklaryny göni ýaýlymda görkezýär

view-icon 5113
«Warziş» teleýaýlymy Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň tutluşyklaryny göni ýaýlymda görkezýär

Täjigistanyň «Warziş» döwlet, milli sport teleýaýlymy Aşgabatda badalga alan Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatyny göni ýaýlymda görkezýär. Bu barada teleýaýlymyň wekili – sport žurnalisti we teswirçi Murodali Teşaýew bize gürrüň berdi.

Murodali Teşaýew:

— Bu meniň Aşgabada ilkinji gezek gelşim, ýogsa 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny teswirläpdim. Şonda men sport göreşini teswirläpdim, türgenlerimiz guşak göreşinde altyn medallary gazandylar. Bu ýyl Täjigistanyň Kuraş federasiýasy ilkinji gezek her agram derejesinde ýedi türgeni (erkekleri) Kuraş göreşi boýunça dünýä çempionatyna ugratdy. Men Londonda, Rio-de-Žaneýroda geçirilen Olimpiýa oýunlaryna, Guançžouda (Hytaý) geçen Aziýa oýunlarynda we beýleki iri ýaryşlara gatnaşdym. Türkmenistan has ýokary derejede guramaçylyk işlerini geçiripdir. Esasan-da, şäheriň arassalygyny we gözelligini belläsim gelýär. Men myhmanhananyň dokuzynjy gatynda ýaşaýaryn, ondan ak mermer şäher edil eliň aýasyndaky ýaly görünýär. Ýurduň sport komitetine we meýletinçilerine şeýle uly möçberli sport çäresini gowy taýýarlandygy hem geçirýändigi üçin sag bolsun aýdýaryn – diýdi.

Şeýle hem Murodali Teşaýew Türkmenistanda sport hereketiniň çalt depginde ösýändigini belläp, diňe bir bu çempionatda däl, eýsem, 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda-da türkmen türgenlerine ýeňiş arzuw etdi.