Ï Russiýanyň «Wokrug sweta» kofe kompaniýasy Türkmenistanda obasenagat sergisine gatnaşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Russiýanyň «Wokrug sweta» kofe kompaniýasy Türkmenistanda obasenagat sergisine gatnaşýar

view-icon 4605
Russiýanyň «Wokrug sweta» kofe kompaniýasy Türkmenistanda obasenagat sergisine gatnaşýar

«Wokrug sweta» holdingi ägirt önümçilik mümkinçiligine eýe bolan kompaniýalar toparydyr.

Kompaniýanyň eksport boýunça direktory Konstantin Muraşow:

Biz peýdaly tebigy azyk önümlerini öndürmekde ýöriteleşýäris. Biziň diwarlygymyzda Türkmenistanda satylýan önümler bar. Olar çagalar üçin «Белый мишка» kiseli we kakao içgisi, «Бабушкин хуторок» syçratgysy, şeýle hem itburun toşaply «Здоровье» syçratgysydyr – diýdi.

Rus kompaniýasynyň wekiliniň pikirine görä, «Agro-Pak Türkmenistan – 2023» halkara azyk, gaplaýyş we oba hojalyk önümleri sergisine gatnaşmagyň esasy maksady türkmen bazaryny öwrenmekdir.

– Biziň wezipämiz türkmen alyjylarynyň halaýan zatlaryny bilmekdir. Biz, esasan, kisele we «1 gapda 3-si» görnüşli kofe içgilerine isleg bildirilýär diýen netijä geldik. Geljekde türkmen kärdeşlerimiz bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge umyt bildirýäris.

Aşgabatda açylan sergä Türkiýeden, Azerbaýjandan, Gollandiýadan, Moldowadan, Eýrandan we Türkmenistandan 80-den gowrak kompaniýa gatnaşýar.

Russiýanyň wekilleriniň arasynda «Wokrug sweta» kofe kompaniýasy (Moskwa), «Şelkowo agrohim» (Moskwa, agrohimiýa önümlerini we tohum öndürýär), Omsk oblastyndan üç kärhana: «Polikon» (senagat enjamlaryny öndürýär), «Sladonež» konditer fabrigi we «Agro-maýak» (senagat ýyladyşhanalary) bar. Bu kompaniýalaryň käbiri eýýäm türkmen bazarynda işleýär.