Aşgabatda ilkinji gezek geçirilýän «Agro-Pak Türkmenistan - 2023» azyk, gaplaýyş we oba hojalyk önümleriniň halkara sergisi Söwda-senagat edarasynyň meýdançasyna öňdebaryjy ýerli we daşary ýurtly öndürijileri ýygnady.

«DüýeGuş» fermasynyň önümleri sergä gatnaşyjylaryň we onuň myhmanlarynyň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän fermerçilik hojalygy köpeltmek üçin ýumurtga öndürmäge, jüýje ýetişdirmäge, şeýle hem et almak üçin düýeguşlary köpeltmäge ýöriteleşendir.

Afrika düýeguşlarynyň ilkinji tapgyry Türkiýeden getirildi. Häzirki wagtda öndürijilere satylýan önümleriň mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berýän guşlaryň sany ep-esli artdy.

Häzirki wagtda kompaniýa berhizlik düýeguş etini, üwelen düýeguş etini we şöhlat önümlerini onlaýn görnüşinde satýar. Düýeguş eti tutuş läş (böleklenen we böleklenmedik) we aýry-aýry böleklere bölünip: gyzgyn tagam bişirmek üçin uly bölekler, süýümine görä kese kesilen we steýk üçin niýetlenen galyň böleklere bölünip satylýar.
Mundan başga-da, tagam taýýarlamakda mesge ýagyna derek ulanylýan düýeguş ýagy hem bar. Diňe tagamly bolman, kaloriýasy az, peýdaly düýeguş eti beloga baýdyr, onuň düzüminde «B» witaminler topary we adam bedeni üçin zerur kaliý, kalsiý, sink, selen, mis we başga-da birnäçe ýokumly maddalar bar.
Önüm öndürijileriň bellemegine görä, degerli ideg edilende bir düýeguşdan 35-45 kilogram arassa et, şeýle hem bir inedördül metre golaý düýeguş derisini alyp bolýar. Düýeguş derisiniň önümçiligini ýola goýmak fermanyň derwaýys meselelerinden biridir. Ýumşak we çeýe düýeguş derisi krokodil derisi bilen deňeşdirilende berkligi hem-de suw geçirmeýänligi bilen tapawutlanýar.
Türkmen telekeçileri geljekde düýeguş fermasynyň önümlerini eksport etmegi göz öňünde tutýarlar.