Ï Daşoguzda Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyndaky üýtgeşmeler boýunça metbugat maslahaty geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguzda Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyndaky üýtgeşmeler boýunça metbugat maslahaty geçirildi

view-icon 5067
Daşoguzda Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyndaky üýtgeşmeler boýunça metbugat maslahaty geçirildi

Daşoguz welaýat gümrükhanasynda Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyna girizilen täzelikler barada metbugat maslahaty geçirildi.

Oňa Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary, Oba hojalyk ministrliginiň Ösümlikler boýunça döwlet karantin gullugynyň we ýurdumyzyň Döwlet weterinariýa gullugynyň hünärmenleri, «Türkmendemirýollary» we «Türkmenawtoulaglary» agentlikleriniň, Türkmenistanyň Ulag-logistika merkeziniň işgärleri, şeýle hem beýleki ulag-logistika kompaniýalarynyň wekilleri we telekeçiler gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Okuw merkeziniň direktory we gullugyň gümrük gözegçiligini guramak bölüminiň ýolbaşçysy çärä gatnaşyjylary haryt eksport edilende gümrük jarnamasynyň aýratynlyklary hem-de türkmen önümlerini eksport edýän telekeçiler üçin ýeňillikler bilen tanyşdyrdylar. 

Oňa gatnaşanlara halkara söwdasyny höweslendirmek üçin gümrük edaralaryna girizilen maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň ähmiýeti barada gürrüň berildi.