Ï Mary welaýat gümrükhanasynda geçirilen duşuşykda demir ýol ulaglarynda daşalýan ýüklere gümrük gözegçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mary welaýat gümrükhanasynda geçirilen duşuşykda demir ýol ulaglarynda daşalýan ýüklere gümrük gözegçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 5536
Mary welaýat gümrükhanasynda geçirilen duşuşykda demir ýol ulaglarynda daşalýan ýüklere gümrük gözegçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy

Mary welaýat gümrükhanasynda geçirilen iş maslahatynda demir ýol ulaglarynda daşalýan ýüklere gümrük gözegçiliginiň düzgünleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýty habar berýär.

Duşuşyga Mary welaýat gümrükhanasynyň hünärmenleri, «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň şahamçasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanda demir ýol ulaglarynda ýük daşalyşyna gümrük gözegçiliginiň düzgünleri we bu ugurda ýurtda hereket edýän kanunlar barada oňa gatnaşanlara gürrüň berildi. Demir ýol ulaglarynda daşalýan ýükleriň gümrük gözegçiliginiň amatlaşdyrylmagynyň ýollary teklip edildi.

Duşuşykda şunuň ýaly pudagara hyzmatdaşlygyň Türkmenistanda ýük daşalyşynyň howpsuzlygyny üpjün etmekde täze usullary işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýändigi bellenildi.