Ï Türkmenistanyň Serhetýaka gümrük nokatlarynda maglumatlar beriji monitorlar (infokiosklar) oturdyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Serhetýaka gümrük nokatlarynda maglumatlar beriji monitorlar (infokiosklar) oturdyldy

view-icon 4583
Türkmenistanyň Serhetýaka gümrük nokatlarynda maglumatlar beriji monitorlar (infokiosklar) oturdyldy

Türkmenistanyň Serhetýaka gümrük nokatlarynda harytlaryň gümrük taýdan resmileşdiriliş düzgünlerini özünde jemleýän maglumatlar bilen elektron görnüşinde giňden tanyşmaga mümkinçilik berýän monitorlar (infokiosklar) peýda boldy.

Bu iş ýurdumyzyň gümrük edaralarynyň işini kämilleşdirmek strategiýasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan amala aşyryldy. Maglumatlar bilen elektron görnüşinde giňden tanyşmaga mümkinçilik berýän monitorlar (infokiosklar) interaktiw maglumat merkezleridir. Olardan gümrük paçlarynyň we ýygymlarynyň mukdary baradaky maglumaty alyp we gümrük amallary bilen tanşyp bolýar. Maglumatlar türkmen, sebit ýurtlarynyň, şeýle hem rus, iňlis we türk dillerinde elýeterlidir.