Ï «Şagadam» futbol topary 2023-nji ýylda AFK-nyň Kubogy ugrunda ýaryşa gatnaşan topary utdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Şagadam» futbol topary 2023-nji ýylda AFK-nyň Kubogy ugrunda ýaryşa gatnaşan topary utdy

view-icon 5193
«Şagadam» futbol topary 2023-nji ýylda AFK-nyň Kubogy ugrunda ýaryşa gatnaşan topary utdy
camera-icon
tff.com.tm

Futbol boýunça ýokary liganyň klublarynyň arasynda Türkmenistanyň çempionatynyň 23-nji tapgyry Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamynyň» «Merw» toparyny 2:1 hasabynda utmagy bilen tamamlandy. Oýun Türkmenbaşy şäherinde geçirildi.

Duşuşygyň birinji ýarymynyň 37-nji minudynda Igor Sekowyň geçiren pökgüsi netijesinde 1:0 hasabynda «Merwiň» peýdasyna tamamlandy. Ýöne arakesmeden soň meýdança eýeleri oýnuny güýçlendirip, garşydaşynyň derwezesine iki pökgi geçirdiler, «Şagadamdan» Mekan Aşyrow (57-nji minutda – 11 metrlik jerime urgusyndan) we Guwanç Abylow (78-nji minutda) tapawutlandylar.

2023-nji ýylda AFK-nyň Kubogy ugrunda ýaryşa gatnaşan topary ýeňen «Şagadam» ýaryşda soňky orundan saýlandy. Bu oýundan soň Hazar deňziniň kenarynyň topary 13 utuk toplady. Ondan bir oýun köp oýnan «Merwiň» hem şonça utugy bolsa-da, ol pökgi tapawudy boýunça «Şagadamdan» yzda.

Geçen ýyl Türkmenistanyň çempionatynda bürünç medal eýelän «Merw» 17 ýyldan soň Aziýanyň ähmiýeti boýunça ikinji derejeli klub baýragy – AFK-nyň Kubogy ugrunda bäsleşige ikinji gezek gatnaşdy. «E» topardaky ýaryşyň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda Marynyň futbol topary 3 utuk bilen üçünji orunda barýar. Toparda soňky orundaky Täjigistanyň «Rawşanynyň» hem şonça utugy bar. Topardaky beýleki iki toparyň — Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» topary we Türkmenistanyň «Altyn asyry» degişlilikde 13 we 7 utuk topladylar.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 23-nji tapgyrynyň beýleki oýunlarynda paýtagtly toparlardan «Aşgabat» Hojanazar Gurbanowyň geçiren üç pökgüsi netijesinde «Köpetdagdan» 3:1 hasabynda üstün çykdy. «Ahal» öz meýdançasynda Marynyň «Energetigini» seýle hasap bilen utdy, «Arkadag» topary 2018-nji ýylda AFK-nyň Kubogy ugrunda ýaryşyň finalçysy «Altyn asyry» 4:0 hasabynda ýeňdi we möhletinden öň Türkmenistanyň çempiony boldy.

Bir oýun az oýnan «Altyn asyryň» 44 utugy bar, onuň bassyr ikinji ýyl wise-çempion bolmagy mümkin. «Nebitçi» – 20 oýundan 34, «Aşgabat» – 22 oýundan 30 we «Ahal» – 18 oýundan 26 utuk toplap, bürünç medala dalaş edýärler.