Ï Sarp edijileriň islegine gönükdirilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sarp edijileriň islegine gönükdirilen

view-icon 5427
Sarp edijileriň islegine gönükdirilen

Şu ýyl Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguzdaky demir-beton önümleri zawodynyň işgärleri gowy zähmet netijeleri gazanýarlar.

Soňky on bir aýyň içinde bu ýerde 30 müň kub metrden gowrak gurama demir-beton öndürildi. Ýylyň başyndan bäri sarp edijileriň zerurlyklary üçin bahasy 53 million manatdan gowrak dürli önüm öndürildi we olaryň 50-den gowrak görnüşi bar. Bulara uly panelli köp öýli ýaşaýyş jaýlaryny gurmakda ulanylýan diwar panelleri, porruk plitalar, suw geçirijileri üçin demir-beton turbalar we beýlekiler girýär.

Soňky ýyllarda Daşoguzyň demir-beton önümleri zawody sebitde senagatyň öňdebaryjy kärhanalaryndan biri boldy. Önümçilik tabşyryklaryny her ýyl ýerine ýetirmek bilen kärhana ýurdumyzyň demirgazygynda gurluşygyň, şol sanda ýaşaýyş jaý gurluşygynyň-da möçberini artdyrmaga we infrastruktura desgalaryny ösdürmäge uly goşant goşýar. Ýokary öndürijilikli häzirki zaman ýöriteleşdirilen enjamlary üstünlikli ulanmak, öndürilýän önümleriň hiline berk gözegçilik etmek, sarp edijileriň zerurlyklaryna we isleglerine düşünmek, şeýle hem zähmetiň netijeli guralmagy netijesinde kärhananyň önümlerine hemişe-de isleg bar.