Aşgabadyň «Altyn asyr» toparynyň futbolçylary Türkmenistanyň çempionatynda kümüş medal eýelediler. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň topary 24-nji tapgyrda Balkanabadyň «Nebitçisini» 2:1 hasabynda utup, möhletinden öň şeýle üstünlik gazandy.
Oýun paýtagtyň Büzmeýin etrabynyň «Sport toplumy» stadionynda geçdi. Şu oýundan öň «Altyn asyrdan» 10 utuk az toplan «Nebitçiniň» aratapawudy azaltmaga soňky mümkinçiligi bardy. Ilkibada balkanabatly futbolçylar üçin hemme zat gowudy. 12-nji minutda Magtymberdi Berenow «Nebitçini» 1:0 hasabynda öňe çykardy.
2018-nji ýylda AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşyna gatnaşan topara hasaby deňlemek üçin 26 minut ýetik boldy. Hoşgeldi Hojowow hasaby deňledi. Toparlar deňme-deňlikde arakesmä çykdylar. Oýnuň ikinji ýarymynda «Altyn asyra» ýeňiş getiren ikinji pökgini Röwşen Halmämmedow 54-nji minutda myhmanlaryň derwezesine saldy.
Şeýlelik bilen, iň ýakyn bäsdeşinden güýçli erki bilen ýeňiş gazanan «Altyn asyr» bäsdeşlerinden ep-esli saýlanyp, bassyr ikinji ýyl milli çempionatda kümüş medal eýeledi. Türkmenistanyň Kubogynyň bäş gezek we ýurduň Naýbaşy kubogynyň sekiz gezek ýeňijisi bolan topary Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi 47 ýaşly Ýazguly Hojageldiýew şeýle üstünlige ýetirdi. «Altyn asyr» topary 2008-nji ýyldan bäri milli çempionatda çykyş edip gelýär, 2014-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli sekiz gezek Türkmenistanyň çempiony boldy.
Maryda 24-nji tapgyryň başga bir oýnunda ýaryşda biri-birini yzarlaýan toparlar – Türkmenbaşy şäherinden «Şagadam» bilen ýerli «Energetik» duşuşdy. Toparlaryň ikisem biri-biriniň derwezesine pökgi geçirmän, oýny deň tamamladylar.
Şu oýundan soň «Şagadam» 14 utuk toplady we ýaryşda yzda barýan «Merwden» bir utuk öňe geçdi. «Energetik» 17 utuk bilen 7-nji ýerde barýar. «Şagadam» bilen «Merwiň» ýene bir oýny bar.