Türkmenistanda statistika işlerini sanlaşdyrmagyň çäginde Statistik iş registri işlenip düzülýär.
Statistik iş registri üçin programma üpjünçiligini işläp düzmek boýunça işe gözegçilik etmek maksady bilen, halkara bilermen Sergeý Kuzin 2–7-nji dekabr aralygynda ýurdumyzda saparda boldy. Ol Türkmenistanyň Statistika boýunça Döwlet komitetiniň wekilleri bilen birnäçe duşuşyk geçirdi.
Statistik iş registriniň işlenip düzülmegi ýuridik şahslary hasaba almak, maglumatlary ele almak we işlemek işini sadalaşdyrar, şeýle hem statistik soragnamalary internet arkaly tabşyrmaga mümkinçilik berer.
Statistik iş registri belli bir ýerdäki ykdysady birlikleriň täzelenip duran maglumat bazasydyr. Ol registre girizilen ähli döwlet we hususy pudak edaralary barada gysgaça edara we ykdysady maglumatlary öz içine alýar. Hasaba almak milli statistika müdirligi tarapyndan amala aşyrylýar.