Ï Türkmenistanyň öňki çempiony AFK Kubogyna gatnaşyjy topary utdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň öňki çempiony AFK Kubogyna gatnaşyjy topary utdy

view-icon 4937
Türkmenistanyň öňki çempiony AFK Kubogyna gatnaşyjy topary utdy
camera-icon
tff.com.tm

«Ahal» toparynyň oýunçylary ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçen Türkmenistanyň çempionatynyň 12-nji tapgyrynyň wagty üýtgedilen oýnunda Marynyň «Merwini» 4:0 hasabynda utdy. Oýun paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda geçdi.

Häzirki milli birinjilik ugrundaky ýaryşda bu iki toparyň öňünde dürli meseleler dur. Türkmenistanyň öňki çempiony «Ahal» bürünç medallar ugrunda göreşýär, «Merw» bolsa Marynyň «Energetigi» we Türkmenbaşynyň «Şagadamy» bilen bäsleşikde iň soňky orundan halas bolmaga synanyşýar.

24-nji tapgyryň öňki oýnunda üçünji orunda barýan Balkanabadyň «Nebitçi» topary kümüş medala mynasyp bolan «Altyn asyrdan» 1:2 hasabynda utuldy, şeýtmek bilen-de bürünç medal ugrundaky göreşde ibirt-de zibirtlik döretdi.

Serdar Geldiýewiň şägirtleri balkanabatly futbolçylaryň ahmallygyndan doly peýdalandy we «Merwiň» derwezesine her ýarym oýunda iki pökgi geçirdiler. Pökgüleri Şöhrat Söýünow (17-nji minut), Gurbanmuhammet Esenow (41-nji minut), Gurban Annaýew (79-njy minut) we Alybek Abdyrahmanow (90 + 2-nji minut) dagy tora saldy.

Bu ýeňişden soň «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň topary 29 utuk jemläp, «Nebitçi» bilen aralygyny 5 utuk azaltdy, onuň heniz oýnalmadyk iki oýny-da bar.

«Ahal» topary AFK çempionlar ligasyna iki gezek gatnaşdy. Şu ýyl Türkmenistanyň öňki çempiony Aziýanyň esasy klub ýaryşynda öz meýdançasynda Saud Arabystanynyň «Al-Feiha» toparyny 1:0 hasabynda ýeňip, taryhda ikinji ýeňşini gazandy, şeýle hem Özbegistanyň birnäçe gezek çempiony «Pahtakor» bilen öz meýdançasynda deňe-deň (1:1) oýnap, onuň elinden utugyny aldy. Alty oýnuň netijeleri boýunça, «Ahal» 4 utuk toplap, «A» toparda «Al-Aýndan» (15), «Al-Feihudan» (9) we «Pahtakordan» (7) yzda bolmak bilen, 4-nji orny eýeledi.

Türkmenistanyň geçen ýylky çempionatynyň bürünç medalçysy barada aýdylanda bolsa, ol 17 ýyldan soň, şu ýyl Aziýanyň ähmiýeti boýunça ikinji klub baýragy – AFK kubogy ugrunda bäsleşmäge ikinji gezek synanyşyk etdi. «E» topardaky ýaryşyň gutarmagyna bir tapgyr galanda, Marynyň futbol topary 3 utuk bilen üçünji orny eýeleýär. Ýaryş sanawynyň ahyrynda ýer alan Täjigistanyň «Rawşan» toparynda-da şonça utuk bar. Bu topardaky beýleki iki topar Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» we Türkmenistanyň «Altyn asyr» topary degişlilikde 13 we 7 utuk toplady.