Ï «Arkadag» topary AFK-2018 Kubogynyň finalçysyny utdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Arkadag» topary AFK-2018 Kubogynyň finalçysyny utdy

view-icon 6762
«Arkadag» topary AFK-2018 Kubogynyň finalçysyny utdy
camera-icon
tff.com.tm

«Arkadag» toparynyň futbolçylary ýokary liganyň klublarynyň arasynda geçirilýän Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 17-nji tapgyrynyň meýilleşdirilen oýnunda Aşgabadyň «Altyn asyr» toparyny 4:1 hasabynda utdy.

Oýun paýtagtyň Büzmeýin etrabynyň «Sport toplumy» stadionynda geçdi.

Ozal habar berlişi ýaly, döwlet ähmiýetli adybir şäheriň topary bolan «Arkadag» milli birinjilik ugrundaky ýaryşlaryň tamamlanmagyna dört tapgyr galanda Türkmenistanyň çempiony boldy, «Altyn asyr» hem möhletinden öň kümüş medallara mynasyp boldy.

Muňa garamazdan, klublar birek-birekden kem durmakçy däldiler, şonuň üçin-de jemleýji oýny oýnadylar. Hasaby duşuşygyň 11-nji minudynda «Arkadag» toparynyň hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew açdy. Dört minutdan soň Rahym Kulow ýagdaýy deňledi – 1:1. 33-nji minutda Begmyrat Baýow ýene «Arkadag» toparyny öňe çykardy – 2:1. Toparlar şu netije bilen arakesmä çykdylar.

Oýnuň ikinji ýarymynda Wladimir Baýramowyň şägirtleri diňe bir hasaby üýtgetmän saklamak üçin oýnaman, eýsem, garşydaşyň derwezesine ýene iki top geçirdiler. Ilki, 49-njy minutda Begenç Akmämmedow topy jerime urgusyndan tora girizdi, soňra 63-nji minutda Begmyrat Baýow iki topy derwezä salyp, hasaby gutarnykly jemledi.

AFK-2018-iň finalçysyny uly ýeňlişe sezewar etmek bilen, «Arkadag» 22 oýundan 66 utuk toplady, ol çempionatda bir utugynam elden bermedik ýeke-täk topar bolup galdy. Milli çempionata ilkinji gezek gatnaşýan bu topar ýurduň çempionatynyň ahyryna çenli ýene iki oýun oýnar.

Çempionatymyzy ikinji orunda tamamlan «Altyn Asyr» topary 47 utuk toplamagy başardy. Galan oýunlarda bürünç medallar ugrunda 34 utuk bilen üçünji orunda barýan Balkanabadyň «Nebitçi» topary we 29 utuk bilen bäşinji orunda barýan, ýöne ýene iki oýun oýnamaly «Ahal» bäsleşer. Çempionatyň ahyryna çenli balkanabatly oýunçylar üç, «Ahal» bolsa bäş oýun oýnar. Ýöne 30 utuk bilen dördünji orunda barýan «Aşgabadyň» oýnalmadyk bir oýny galypdyr, şonuň üçinem ol indi çempionatyň bürünç medallary ugrunda bäsleşip bilmez.