«Ahal» toparynyň futbolçylary Türkmenistanyň ýokary liga klublarynyň arasynda geçirilýän çempionatyň 24-nji tapgyrynyň wagty üýtgedilen oýnunda Aşgabadyň «Köpetdag» toparyny 3:1 hasabynda utdy. Oýun paýtagtyň «Nusaý» stadionynda geçdi.
Bu oýundan öň iki topar hem ýaryş sanawynda goňşudy. «Ahal» bäşinji, ondan bir utuk yza galan «Köpetdag» bolsa altynjy orundady. Özi-de, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň toparynda bürünç medal gazanmak üçin diňe nazary mümkinçilikler bardy.
Ýaryşda gazanan ýerleriniň bu toparlaryň ikisini-de diňe ýeňiş üçin oýnamaga mejbur edendigi öz-özünden düşnüklidir. Meýdançadaky wakalaryň görkezişi ýaly, «Ahal» göreşe has aýgytly taýynlanypdyr. Oýnuň 32-nji minudynda Türkmenistanyň öňki çempiony 16-njy minutda hasaby açan Begenç Mämiýewiň tora salan iki pökgüsi netijesinde, eýýäm 2:0 hasabynda öňde barýardy. 34-nji minutda Serdar Geldiýewiň topary jerime urgusyna hukuk gazanyp, üstünligi has-da artdyryp bilerdi. Emma Gurban Annaýew 11 metrlik bellikden derwezäniň ýokarky kese agajyny urdy. 75-nji minutda Gurbanmuhammet Esenow hasaby 3:0-a ýetirdi.
Goşmaça wagtyň üçünji minudynda «Köpetdag» Batyr Täçnazarowyň tagallasy bilen bir jogap topuny derwezä saldy we Ylýas Çaryýewiň oýundan çykarylmagy sebäpli azlykda galdy. Emma bu indi oýnuň netijesine täsir etmedi.
Bu ýeňişden soň «Ahal» bürünç medal almak mümkinçiligini elde saklap, 32 utuk bilen dördünji orna çykdy. «Aşgabat» 30 utuk bilen bäşinji orna düşdi. Bürünç medal almak üçin soňky mümkinçiligini elden gidiren «Köpetdag» bolsa altynjy orunda galdy.