Ï Günbatar sebitde ýod önümçiligi ösüş ýolunda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Günbatar sebitde ýod önümçiligi ösüş ýolunda

view-icon 4540
Günbatar sebitde ýod önümçiligi ösüş ýolunda

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň Balkan welaýatynyň Bereket şäherindäki Ýod önümçiligi kärhanasy bu ulgamyň ýurt möçberindäki adygan kärhanalarynyň biri hasaplanýar. Bu ýerde öndürilýän derde derman melhemler ýokary hil derejesi bilen tapawutlanyp, içerki we daşarky sarp edijileriň arasynda uly meşhurlyga eýedir.

Ösen häzirki zaman kärhanasynyň hünärmenleri döwletimiziň ýerli çig mallardan bäsleşige ukyply, arassa, ygtybarly önümleri öndürmek babatda öňde goýýan derwaýys wezipelerini üstünlikli berjaý edýärler. Halkymyzyň saglygyny goramakdaky giň möçberli tutumlaryň çäklerinde gurlup, 2014-nji ýylyň oktýabrynda ulanylmaga berlen kärhanada geçen döwürde köp işler durmuşa geçirildi. Kärhanada sebitiň senagat taýdan özleşdirilýän giň meýdançalaryndaky ýerasty suwlarda jemlenen hem-de ägirt uly gorlara eýe bolup durýan gymmatly çig mal bolan ýoddan taýýar önümleri öndürmekde oňat netijeler gazanylýar.

Kuwwatly önümçilik enjamlary bilen üpjün edilip, kompýuterler arkaly awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylýan kärhanada işler hemmetaraplaýyn juda sazlaşykly, guramaçylykly alnyp barylýar. Önümçilikde ulanylýan çig mal serişdeleriniň ählisiniň diýen ýaly döwletli Diýarymyzyň çäginde ýeterlik bolmagam ýokary hilli derman serişdeleriniň özüne düşýän gymmatyny peseltmäge, olaryň düşewüntliligini artdyrmaga, galyberse-de, ekologik taýdan arassa, kämil önümleriň öndürilmegine oňyn täsirini ýetirýär. Bu bolsa hyrydary ýetik önümleriň ösen talaplara laýyk gelmegini, müşderileriň sanynyň yzygiderli artmagyny şertlendirýär.

Berekediň ýod önümçiligi kärhanasy ýylda ýodly taýajyklaryň 250 millionyny, ýodly galamlaryň 50 million sanysyny, diş serişdeleriniň 500 müňüsini öndürmäge niýetlenendir. Dünýä hil ülňülerine laýyk gelýän derman serişdeleri ýatymlaýyn bejerişde, gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömeginde, şeýle-de önümçilikde dürli maksatlar üçin peýdalanmakda juda amatlylygy, netijeliligi bilen tapawutlanýar.

Bulardan başga-da, derman serişdelerini öndürýän kärhanada müşderilere ýetirilýän önümleriň görnüşleri köp. Has takygy, göwherli ýaşyl galamlar, lukmançylyk pamyklarynyň dürli görnüşleri, ilkinji lukmançylyk kömeginiň ýörite tassyklanan düzümde gaplanan gutulary sarp edijileriň barha artýan isleglerini kanagatlandyrmakda hem-de zerur bolan önümleriň üstüni ýetirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Kärhanada şu ýylyň 11 aýynyň jemi boýunça meýilnama 122 göterim ýerine ýetirildi. Şu günlerde bolsa Bereket Ýod önümçiligi kärhanasynyň agzybir hünärmenleri tutanýerli zähmet çekip, üstümizdäki ýyly oňat önümçilik görkezijileri bilen üstünlikli jemlemegi maksat edinýärler.