Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna girmek üçin görýän taýýarlyk işleri halkara bilermen, BSG-niň bilermenler barlagy merkeziniň geňeşçisi Maksim Medwedkowyň Aşgabat şäherine saparynyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we müdirlikleriniň wekilleri bilen bolan duşuşyklarda Maksim Medwedkow milli we halkara kanunçylygyň özara sazlaşmagynyň, olary BSG-niň ylalaşyklaryna laýyk getirmegiň möhümligini ara alyp maslahatlaşdy we öňdebaryjy wezipelere eýe bolmak üçin, hususan-da, ýaşyl ykdysadyýet we telekommunikasiýa pudagynda bu guramanyň agzalygyny ulanmagyň öňdebaryjy tejribesine garap geçdi.

Bilermen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde geçirilen tegelek stoluň işine-de gatnaşdy. Ol «Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagy: edarawy çarçuwalar derňewi», mowzugynda hasabat berdi, daşary söwdanyň düzgüni barada Ähtnama taýýarlamak boýunça maslahat geçirdi. Medwedkow BSG-ä goşulmak boýunça indiki çäreler barada teklipler hem girizdi. Şeýle hem ol Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň we Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyplary we mugallymlary üçin «Bütindünýä Söwda Guramasy we telekeçiligiň bähbitleri» mowzugynda çykyş etdi.
M.Medwedkowyň sapary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň BMGÖM bilen bilelikde alyp barýan «Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin ýerlik, II tapgyr» atly bilelikdäki taslamanyň çäginde bolup geçdi.