Russiýanyň iň iri ulag-logistika kärhanalarynyň biri bolan «FESCO» we «Özbegistan demir ýollary» paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň üsti bilen Türkiýä, Afrika we Ortaýer deňzi ýurtlaryna gidýän täze ugurlar boýunça bilelikde işe başlamak barada ylalaşyga geldiler. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» gullugynyň resmi saýty habar berýär.
Bu ylalaşyk «FESCO» ulag hyzmatlary toparynyň Direktorlar geňeşiniň ýolbaşçysy Andreý Sewerilowyň Daşkentde «Özbek demirýollary (Özbegistan demir ýollary)» PJ-niň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary Abdumalik Kamiljanow we «Özbegistan demir ýol konteýnerleri» PJ-niň başlygy Akmal Kamalow bilen duşuşygynyň netijesinde gazanyldy. «Özbegistan demir ýol konteýnerleri» paýdarlar jemgyýetiniň «Özbek demir ýollarynyň» düzümine girýändigini bellemelidiris.
Ýük daşalanda «FESCO»-nyň intermodal hyzmatlary ulanylar. Taraplar Daşkendiň hem-de Moskwanyň arasynda göni konteýner gatnatmak işini ýola goýmak barada-da ylalaşdylar.
«FESCO»-nyň ygtyýarynda port, demirýol we toplumlaýyn logistika işi üçin ähli mümkinçilikler bar. Bu kärhana ýükleri «gapydan-gapa» eltmegi we intermodal ulag ulgamynyň ähli basgançaklaryna gözegçilik etmegi başarar.
«FESCO» Merkezi Aziýa sebitinde logistika hyzmatlaryny ösdürmek maksady bilen, 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Özbegistanda «FESCO TURAN» kömekçi kärhanasyny açdy.