Ï «Arkadag» topary AFK Çempionlar ligasyna gatnaşýan topardan üstün çykdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Arkadag» topary AFK Çempionlar ligasyna gatnaşýan topardan üstün çykdy

view-icon 5798
«Arkadag» topary AFK Çempionlar ligasyna gatnaşýan topardan üstün çykdy
camera-icon
tff.com.tm

«Arkadag» topary Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 25-nji tapgyrynda «Ahal» toparyny 2:1 hasabynda utup, ýigrimi üçünji ýeňşini gazandy. Oýun paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda geçirildi.

Bürünç medallar ugrunda göreşýän, AFK kubogyna iki gezek gatnaşan «Ahal» topary üçin bu oýun möhüm ähmiýete eýedi.

Arkadag şäheriniň milli çempionata ilkinji gezek gatnaşýan topary eýýäm oýnuň birinji ýarymynyň 34-nji minudynda Arslanmyrat Amanowyň takyk uran zarbasyndan soň utulýan ýagdaýa düşen Türkmenistanyň öňki çempionyndan kem galmakçy däldigini görkezdi. Oýnuň 47-nji minudynda bolsa Abdy Bäşimow «Arkadag» toparynyň artykmaçlygyny 2:0 hasabynda berkitdi.

70-nji minutda Ilýa Tamurkiniň iki sany sary kartoçka alyp, oýundan çykarylmagy sebäpli, Wladimir Baýramowyň topary azlykda galdy. Şonuň 7 minut yzýany bolsa «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň topary bir jogap topuny tora girizdi, bu gol Alybek Abdyrahmanowyň adyna ýazyldy. Emma Serdar Geldiýewiň şägirtleri şondan artyk zat gazanyp bilmedi. Ýeňlişe sezewar bolmak bilen, «Ahal» topary özi üçin bürünç medal gazanmak wezipesini kynlaşdyrdy.

Bürünç medal ugrundaky göreşde gönüden-göni bäsdeşiniň şowsuzlygyndan doly peýdalanan Balkanabadyň «Nebitçi» topary öz öýünde «Aşgabat» toparyndan 4:2 hasabynda üstün çykdy. Ýeňijilerden Magtymberdi Berenow (23-nji minutda jerime urgusy), Gurbangeldi Batyrow (49-njy), Ýeňiş Berdimyradow (51-nji salan topy) we Serdar Tukiýew (80-nji), garşydaşlardan bolsa Nepesmyrat Lallakow (71-nji) we Hojanazar Gurbanow (90-njy – jerime urgusyndan) dagy saýlandy.

«Aşgabat» topary çempionatda çykyşyny 24 oýundan 30 utuk toplamak bilen tamamlady. Bu ýeňişden soň 37 utuk toplan «Nebitçi» üçünji ýerde mäkäm ornaşdy we özünden bir oýun az oýnan «Ahal» bilen aralygyny 5 utuga çenli artdyrdy. Bürünç medal gazanmak üçin indi balkanabatly futbolçylara galan iki oýunda ýekeje utugam elden bermezlik ýeterlikdir.

25-nji tapgyryň paýtagtymyzyň köpugurly «Aşgabat» stadionynda geçen başga bir oýnunda «Köpetdag» Marynyň «Energetigini» 2:1 hasabynda utdy. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň toparyna ýeňşi 28-nji we 68-nji minutda gol salan Şamämmet Hydyrow getirdi. Myhmanlar Guwanç Berdimyradowyň tagallasy bilen goşmaça wagtyň bäşinji minudynda hasaby üýtgetdiler.

Bu ýeňişden soň «Köpetdag» 5-nji orunda barýan «Aşgabatdan» yza galmasyny 2 utuga çenli azaltdy. «Energetik» 17 utuk bilen 7-nji ýerde durýar. Çempionat gutarýança «Köpetdag» bilen «Energetigiň» hersi ýene bir oýun oýnamaly.