Ï «Uly Aziýa» teleýaýlymynda Türkmenistanda geçen kuraş boýunça dünýä çempionaty barada gepleşik berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Uly Aziýa» teleýaýlymynda Türkmenistanda geçen kuraş boýunça dünýä çempionaty barada gepleşik berildi

view-icon 5130
«Uly Aziýa» teleýaýlymynda Türkmenistanda geçen kuraş boýunça dünýä çempionaty barada gepleşik berildi

«Uly Aziýa» teleýaýlymynda möhüm sport wakasy – şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionaty barada giňişleýin gepleşik berildi. Ony taýýarlamaga kanalyň bäsleşikde hut özi bolup gören baş redaktory Alisa Klimantowiçiň ýolbaşçylygynda uly topar gatnaşdy.

Gepleşikde Russiýanyň metbugat çeşmesiniň habarçysy Dünýä Kuraş çempionatynyň geçen Aşgabat olimpiýa şäherçesiniň sazlaşykly işi we sport ýaryşlarynyň iň täsirli pursatlary barada gürrüň berýär. Söhbetdeşliklerde daşary ýurtly türgenler we daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary ýurdumyzyň ak mermere beslenen paýtagtyndan, şeýle hem Arkadag şäherine sapardan galan täsirler barada gürrüň berdiler.

Türkmenistana ilkinji gezek gelen türgenleriň köpüsine Aşgabadyň gözelligi we arassalygy ýakymly täsir edipdir. Şeýle hem myhmanlar ýaryşyň ýokary guramaçylyk derejesini we gyzgyn garşy alnandyklaryny bellediler. Amatly şertleri döretmek üçin türgenler häzirki zaman sport zallary we türgenleşik meýdançalary, dogry iýmitlenmek we amatly myhmanhanalar bilen üpjün edildi. Mundan başga-da, çempionaty geçirmek üçin meýletinçilik işi boýunça deslapdan tälim alan 300-den gowrak talyp işe çekildi.

Milli kuraşyň inçe syrlary we eminlik aýratynlyklary barada halkara derejeli emin Kuwwat Nuryýew «Uly Aziýa» teleýaýlymy bilen bolan söhbetdeşliginde gürrüň berdi. Şeýle hem Türkmenabat sport mekdebiniň mugallymy tälimçi we halkara derejeli emin Firuddin Hudaýberdiýew ýurdumyzyň tälimçilik işi we geljekki çempionlary taýýarlamak barada gürrüň berdi.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň kuraş boýunça dünýä çempionatynda 15 agram toparynyň her birinde altyn medal gazanmak bilen, jemi 15 sany altyn medal alandygyny ýatladýarys.

«Uly Aziýa» teleýaýlymy bu gepleşigiň surata düşürilmegini guramakda we amala aşyrmakda beren kömegi üçin Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine hoşallygyny bildirdi. Häzirki wagtda bu iki metbugat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyk hereket edýär.