Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda eksport-import amallaryny kämilleşdirmek işindäki öňegidişlik ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň merkezi edarasynda «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işini sazlamak boýunça pudagara komissiýanyň nobatdaky ýygnagy bolup geçdi.
Çärä gümrük gullugynyň işgärleri, ministrlikleriň, müdirlikleriň we jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri gatnaşdy. Duşuşyk Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan BMG-niň Ösüş Maksatnamasy we BMG-niň Söwda we Ösüş Konferensiýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýän «Eksport-import amallary üçin bir penjire» taslamasynyň çäginde geçirildi.
Bu taslamanyň maksady gümrük hyzmatlary ulgamyna «Bir penjire» çemeleşmesini girizmek arkaly, eksport-import amallaryny sadalaşdyrmak we netijeliligini ýokarlandyrmakdyr. Taslama gümrük taýdan resmileşdirmek işine gatnaşýan kadalaşdyryjy döwlet edaralarynyň iş mümkinçiligini ýokarlandyrmagy, şeýle hem hoşniýetli söwdany sadalaşdyrmagy we raýatlaryň ykdysady hukuklaryny üpjün etmekde Türkmenistana goldaw bermegi göz öňünde tutýar.
Taslamanyň uzak möhletli maksady döwlet edaralaryny güýçlendirmek, döwlet maliýe ulgamyny gowulandyrmak we hususy telekeçilik wekillerini-de goşmak bilen daşary söwda üçin amatly şertleri döretmek, ýurduň üstaşyr geçiriş mümkinçiligini ýokarlandyrmak we dünýä boýunça hem sebitdäki söwda gatnaşygyny giňeltmek arkaly Türkmenistanyň ykdysadyýetini güýçlendirmekden ybaratdyr.
Ýygnagyň çäginde «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işe girizilmegi bilen baglanyşykly çäreler hem geçirildi