Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy Eziz Döwletow bu yklymy guramanyň direktorlar geňeşiniň düzümine girip, Aziýa tennis federasiýasynyň (ATF) prezidentiniň orunbasary wezipesine bellendi. Türkmen sportunyň taryhyndaky bu möhüm waka ATF-niň prezidentiniň, geňeş agzalarynyň we prezidentiniň orunbasarynyň saýlawy bolan Bangkokda (Taýland) geçirilen kongresinde bolup geçdi.

1958-nji ýylda döredilen Aziýa tennis federasiýasy Halkara tennis federasiýasy (HTF) bilen baglanyşykly girdeji gazanmaýan guramadyr. Bu Aziýa ýurtlarynyň milli tennis birleşikleriniň yklymy edarasydyr. ATF-niň esasy maksatlary Aziýa tennisiniň hil derejesini ösdürmek we ýokarlandyrmakdyr.
Eziz Döwletowyň Aziýa tennis federasiýasynyň direktorlar geňeşine saýlanmagyna ýygnaga gatnaşan 53 adamdan 41-i razy bolup, ses berdi.

ATF-niň täze prezidenti wezipesine taýlandly, ýaponiýaly we şri-lankaly ýene üç adam bäsdeşlik edýärdi, emma oňa 34 ses bilen Gazagystanyň wekili Ýuriý Polskiý saýlandy. Ýuriý ondan öň 4 ýyl Aziýa tennis federasiýasynyň wise-prezidenti bolup işledi.
14 adamdan ybarat Direktorlar geňeşi saýlanandan soň, tennisçi Eziz Döwletowyň guramaçylyk ukyplaryny we hünär derejesini göz öňünde tutup, ATF-niň täze saýlanan prezidenti ony 2027-nji ýyla çenli bu guramanyň wise-prezidenti edip belledi.
Aziýa ýurtlarynda tennisiň ösüşini sazlamaly boljak täze ATF-niň ýolbaşçy toparynyň ilkinji duşuşygy 23-nji ýanwarda meýilleşdirilýär, çünki şol gün Awstraliýanyň Melburn şäheriniň «Melburn Park» ýerli sport toplumynda «Uly tuwulga» ýaryşlarynyň çäginde geçiriljek Awstraliýanyň açyk çempionaty başlanýar.

ATF-niň kongresinde Eziz Döwletowyň 2024-2025-nji ýyllar üçin «Masters» ýaryşlaryny geçirmek boýunça Halkara tennis federasiýasynyň (HTF) komitetine saýlanandygy-da yglan edildi. Bu komitet iň iri komitet bolmak bilen, iň abraýly ýaryşlary geçirmek üçin jogapkärdir.
Eziz Döwletow 33 ýaşynda. Ol – sport ussady, Aziýa we Okeaniýa zolagynyň Dewis kubogynyň IV toparynyň ýeňijisi, köp sanly halkara we milli ýaryşlarda baýrak alan adam. 2018-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli baş kätip, 2021-nji ýyldan 2022-nji ýylyň ortalaryna çenli başlygyň orunbasary bolup işledi we 2022-nji ýylyň iýul aýynda bolsa 4 ýyl möhlet bilen Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine saýlandy.
Türkmenistanyň wekili ilkinji gezek 54 ýurduň milli birleşiklerini birleşdirýän Aziýa tennis federasiýasyna saýlanýar.

E.Döwletowyň pikiriçe, bu waka ýurdumyzyň sport diplomatiýasynyň türkmen halkynyň Milli Lideri Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sporty, şol sanda tennisi ösdürmek we ýaş nesli terbiýelemek boýunça-da alyp barýan syýasatynyň netijesinde mümkin bolan täze üstünligidir.
Hünärmenleriň pikiriçe, biziň ýurdumyzyň wekiliniň Aziýanyň abraýly sport guramasynyň ýolbaşçylygyna saýlanmagy Türkmenistanda tennisiň ösmegine güýçli itergi berer, goňşy ýurtlar bilen sport tejribesini alyşmaga ýardam eder, sport diplomatiýasyny hasam ösdürmäge, sportuň şu görnüşi boýunça sebit we yklym derejesinde köp sanly karar kabul etmäge we şu ýyl Aşgabatda bolşy ýaly, has köp halkara ýaryşlaryny geçirmäge mümkinçilik berer.
Iýun aýynda Türkmenistanyň paýtagtynda 12 ýaşa çenli tennisçileriň arasynda toparlaýyn geçirilen Merkezi Aziýa çempionatynyň Halkara tennis federasiýasynyň (HTF) 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Kankunda (Meksika) geçirilen kongresinde Aziýada ýaryşlary guramagyň etalony hökmünde ykrar edilendigini hem ýatlamak ýerlikli bolar.