Ï Içerki hem daşarky bazarlarda islegli harytlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Içerki hem daşarky bazarlarda islegli harytlar

view-icon 4606
Içerki hem daşarky bazarlarda islegli harytlar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ak bulut» hojalyk jemgyýeti 2015-nji ýylda döredildi. Esaslandyrylanyna köp wagt geçmedik hem bolsa, bu kärhananyň öndürýän gurluşyk önümleri diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde hem islegli harytlaryň birine öwrüldi. 

Ýurdumyzda ilkinji bolup asma we profil ulgamlarynyň önümçiligini ýola goýan bu hojalyk jemgyýetiniň soňky döwürde gips we alýuminiý metalyndan taýýarlanylýan asma potoloklary ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işlerinden daşary beýleki döwletlere, has takygy, Russiýa, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan ýaly ýurtlara hem eksport edilip başlandy. 

Öndürilýän gurluşyk materiallarynyň hil derejesiniň ýokary bolmaklygy, göze gelüwliligi bu önümleriň dünýä bazarynda ymykly orun almagyna getirdi. Özüniň kämil önümleri bilen barha adygýan «Ak bulut» hojalyk jemgyýeti öndürýän önümleriniň görnüşlerini artdyrmak boýunça hem tutumly işler alyp barýar. 

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Dostluk şäheriniň çäginde bu kärhananyň gury garyndy gurluşyk materialyny we gipsokarton gurluşyk serişdelerini öndürýän zawody dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. 

Täze zawod ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleri üçin uly ähmiýete eýe boljak, şeýle hem daşary döwletlere çykarmak mümkinçiligi bolan gipsokarton gurluşyk serişdeleriniň ýylda 4 million inedördül metrini, şeýle hem gury garyndy gurluşyk materialynyň 50 müň tonnasyny öndürmäge ukyplydyr. Bu desganyň önümçiligine Hytaý Halk Respublikasynyň, Türkiýäniň we Germaniýanyň meşhur kompaniýalarynyň tehnologiýalarynyň oturdylmagy öndürilýän önümleriň hil derejesiniň dünýä ülňülerine laýyk geljekdigini görkezýär.

Täze desgada ähli işler sanly ulgam arkaly dolandyrylýar. Önümçilik üçin zerur bolan çig mal Köýtendag kän müdirligi tarapyndan taýýarlanylýar. Ýeri gelende bu täze, döwrebap gurluşyk desgasynyň «Ak bulut» hojalyk jemgyýetiniň öz gurluşykçylary tarapyndan bina edilendigini hem bellemek bolar. Häzirki wagtda bu desgada işler barha gyzyşýar. Zawodyň täze, ýokary hilli önümleri bolsa, eýýäm ýurdumyzyň gurluşyk meýdançalaryna ugradylýar. Şeýle hem täze desga «Ak bulut» hojalyk jemgyýetiniň önümleriniň eksport ugrunyň has-da artjakdygyna şaýatlyk edýär.