Ï «Deňiz söwda floty» ÝGPJ ýükleri daşamagyň ýokary ösüş görkezijilerine eýe bolýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Deňiz söwda floty» ÝGPJ ýükleri daşamagyň ýokary ösüş görkezijilerine eýe bolýar

view-icon 6277
«Deňiz söwda floty» ÝGPJ ýükleri daşamagyň ýokary ösüş görkezijilerine eýe bolýar

Şu ýylyň 11 aýynyň netijeleri boýunça deňiz ýükleri daşamaklygyň barşy deňiz söwda flotunyň gämileri tarapyndan daşalan ýüküň umumy mukdarynyň 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 21,6% artmak bilen, 2 million 64 tonna bolandygyny görkezýär. Umuman, flotuň ýylyň görkezilen döwri üçin ýük daşamak boýunça meýilnamasy 129,4% ýerine ýetirildi.

2023-nji ýylyň ýanwar–noýabr aýlaryndaky ýük dolanyşygy 867,149 million tonna barabar boldy, 2023-nji ýylyň ýanwar–noýabr aýlary üçin ýük dolanyşygy boýunça meýilnamasy bolsa 228,9% ýerine ýetirildi.

Şeýle hem bu döwürde ýolagçy dolanyşygy 56,4% artmak bilen, meýilnama 245,9% ýerine ýetirildi. Daşalan konteýnerleriň sany 3846 TEU, ösüş depgini 277,3% boldy.

Türkmenistanyň ýapyk görnüşli «Deňiz söwda floty» paýdarlar jemgyýetiniň ýükleri daşamakdaky ýokary ösüş depgini, ilkinji nobatda, daşary ýurtlara daşalýan çig nebit we nebit önümleriniň mukdarynyň artmagy, şeýle hem «Demirgazyk – Günorta» HUD boýunça ýük dolanyşygynyň ösmeginde möhüm orun tutýan Türkmenbaşy halkara deňiz portundan iberilýän we üstaşyr geçýän ýükleriň köpelmegi bilen şertlendirilendir.