Ï «Ahal» topary bürünç medal ugrundaky göreşde «Nebitçi» topary bilen aralygyny ýygjamladýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ahal» topary bürünç medal ugrundaky göreşde «Nebitçi» topary bilen aralygyny ýygjamladýar

view-icon 6686
«Ahal» topary bürünç medal ugrundaky göreşde «Nebitçi» topary bilen aralygyny ýygjamladýar
camera-icon
tff.com.tm

«Ahal» toparynyň oýunçylary ýokary liganyň klublarynyň arasynda geçýän Türkmenistanyň çempionatynyň 21-nji tapgyrynyň wagty üýtgedilen oýnunda Merwden 1:0 hasabynda üstün çykdy. Oýun Marynyň «Sport toplumy» stadionynda bolup geçdi.

Türkmenistanyň öňki çempionyna ýeňşi 37-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyny amal eden Şöhrat Söýünow getirdi.

Bu iki topar üçinem 21-nji dekabrda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilen Türkmenistanyň Kubogynyň 1/2 finalynyň jogap oýnunyň öňýany özboluşly taýýarlykdy. Ilkinji ýarym final oýny 27-nji sentýabrda Maryda bolup, 1:1 hasabynda deňme-deň tamamlandy. Şol kubok oýnunda «Ahalyň» Elman Tagaýewiň goşmaça wagtyň 95-nji minudynda ýerine ýetiren jerime urgusyndan soň ýeňlişden halas bolandygyny bellemelidiris.

«Merwden» üstün çykandan soň, «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň topary 35 utuk toplap, bürünç medal ugrundaky göreşde Balkanabadyň üçünji orunda barýan «Nebitçi» topary bilen aralygy 2 utuga çenli azaltdy. Iki klubuňam çempionatyň ahyryna çenli oýnalmadyk iki oýny galdy. «Nebitçi» öz meýdançasynda Marynyň «Energetigi» we Türkmenbaşynyň «Şagadamy», Ahal bolsa «Şagadam» we «Altyn asyr» bilen oýnar.