«Arkadag» topary bilen «Ahal» toparynyň oýunçylary ähmiýeti boýunça ikinji orunda durýan klub baýragy – Türkmenistanyň kubogy ugrundaky aýgytly oýunda duşuşarlar. Bu Aşgabatda geçirilen ýarym final jogap oýunlarynyň netijeleri boýunça kesgitlendi.
Ozal habar berlişi ýaly, birinji ýarym finalda «Arkadag» topary paýtagtymyzyň «Altyn asyr» toparyndan iki gezek üstün çykdy: myhmançylykda geçen birinji oýunda – 4:1; öz meýdançasynda geçen jogap oýnunda – 4:0.
Başga bir ýarym finalda «Ahal» topary bilen «Merw» topary duşuşdy. 27-nji sentýabrda Maryda geçen birinji oýun 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy. Şu gün Aşgabatdaky «Nusaý» stadionynda geçen jogap oýnunda üstünlik «Ahala» hemra boldy – 1:0. Serdar Geldiýewiň topary üçin ýeňiş getiren pökgini derwezä 74-nji minutda Meýlis Diniýew girizdi.
Ýetip gelýän final Türkmenistanyň kubogynyň häzirki eýesi «Ahal» topary üçin ýaryşyň taryhynda ýedinji final oýny bolar. Ondan öň «Ahal» ähmiýeti boýunça ikinji orunda durýan klub baýragyny dört gezek aldy, dört gezegem «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň toparyny ýeňşe dürli tälimçiler alyp bardy. 2013-nji ýylda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aly Gurbanynyň ýolbaşçylygynda bu klubyň oýunçylary aýgytly oýunda «Altyn asyr» topary 2:1 hasabynda utdy. Olar finalda «Balkany» 3:2 hasabynda ýeňmek bilen, 2014-nji ýylda-da şu üstünligi gaýtaladylar, ýöne indi baş tälimçi Guwançmuhammet Öwekow bilen.
«Ahal» topary 2017-nji ýylda baş tälimçi Röwşen Meredowyň ýolbaşçylygynda «Şagadamdan» 4:0 hasabynda üstün çykyp, Türkmenistanyň kubogyny üçünji gezek aldy. Geçen ýyl bu toparlar finalda ýene duşuşdylar, şonda «Ahal» topary has uly hasap bilen ýeňiş gazandy – 5:0. Bu kluby Türkmenistanyň kubogyndaky dördünji ýeňşe baş tälimçi Mergen Orazow alyp bardy.
Şu ýylyň aprel aýynda döredilen döwlet ähmiýetli adybir şäheriň topary bolan «Arkadag» topary üçin bu ilkinji final bolar. Ondan öň bu topar Türkmenistanyň çempiony diýen ada wagtyndan öň eýe boldy. Indi Wladimir Baýramowyň topary bu edermenligi gaýtalamaga ýakyn. Şu ýyl «Arkadag» topary bilen «Ahal» topary Türkmenistanyň çempionatynyň çäginde üç gezek duşuşdy. Üç oýunda-da «Arkadag» topary ýeňiş gazandy: 5:2, 3:2 we 2:1.