Tamamlanyp barýan 2023-nji ýyly zähmet üstünliklerine besläp, Watan harmanyna oba hojalyk önümleriniň bol hasylyny tabşyran Lebap welaýatynyň oba hojalykçylary geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak işlerini yhlasly dowam edýärler.
Häzirki wagtda welaýatyň ähli etraplarynda hasyly ýygnalan ýerlerde sürüm we tekizleýiş işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu işde welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň etraplardaky tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň guramaçylykly işleri özüniň aýdyň netijelerini berýär. Ýerleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda sürmek we tekizleýiş işlerini geçirmek bereketli toprakdan bol hasyl almaklygyň ilkinji şertidir.
Şu nukdaýnazardan ugur alyp, tutanýerli zähmet çekýän hünärmenleriň we mehanizatorlaryň tagallalary, dünýäniň belli kompaniýalarynyň önümleri bolan ýokary öndürijilikli kuwwatly tehnikalaryň güýjünden ýerlikli peýdalanylmagy netijesinde her gün bir müň altmyş gektar töweregi ýerde ýokary hil derejesinde sürüm işleri geçirilýär. Welaýatda häzirki döwre çenli sürülen meýdanyň möçberi bolsa 50 müň gektardan geçdi. Bu bolsa jemi sürüm geçiriljek ýerleriň 40 göteriminden gowragydyr.
Bu möhüm işe kuwwatly, ýokary öndürijilikli traktorlaryň 160-a golaýy çekilipdir hem-de olaryň gurat we netijeli işlemekleri üçin ähli şertler döredilipdir. Munuň şeýledigine sürüm traktorlarynyň bir günüň dowamyndaky ortaça öndürijiliginiň 10-11 gektara barabar bolýandygy hem şaýatlyk edýär.
Welaýatda sürüm we tekizleýiş işleriniň utgaşykly alnyp barylýandygyny belläp geçmek möhümdir. Häzirki wagtda sürüm geçirilen ýerlerde tekizlemek çärelerini geçirmeklige tehnikalaryň 90-dan gowragy çekilip, olaryň bökdençsiz we öndürijilikli işlemekleri üpjün edilýär. Ýerlerde sürüm işlerini geçirmekde Halaç, Saýat hem-de Hojambaz etraplary has ýokary netijeler görkezip, beýlekilerden tapawutlanýarlar.
Welaýatyň Halaç etrabynda jemi gowaça ekiljek meýdanyň eýýäm 50 göterimden gowrak ýerinde ýokary hilli sürüm işleri geçirilipdir. Gyşky sürüm hem-de tekizleýiş işleriniň guramaçylykly alnyp barylmagy gündogar sebitiň oba hojalykçylarynyň geljekki 2024-nji oba hojalyk ýylynda hem gowaça ekiljek 130 müň gektar ýerde bol pagta hasylynyň düýbüni tutjakdyklaryna güwä geçýär.