Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlup ulanylmaga berlen ýylyň bütin dowamynda hereket edýän ýyladyşhana hojalyklarynyň sanynyň artmagy netijesinde, ter gök önümler ýylyň ähli döwründe ýurdumyzyň azyk bazarlaryna ýetirilýär. 
Hususy telekeçi Serdar Nepesowa her 3-4 günden badamjanyň hem-de bulgar burçunyň bereketli hasylyny ýygnap almak başardýar. Sakarçäge etrabynyň Gyzylgum geňeşliginde ýerleşen uly ýyladyşhanalarynyň üçüsi bellenilen möhletde badamjanyň 1 tonnasyna çenlisini we bulgar burçunyň 250 kilogramyna çenlisini getirýär. 
Telekeçiniň ogly hem gök önümleri – pomidor, bulgar burçuny, badamjany, hyýary we kelemi ösdürip ýetişdirmekdäki üstünlikleri bilen paýlaşýar. Onuň hem öz ýyladyşhana hojalygy bar. Ýaz aýlarynda şol ýyladyşhanalarda ol bakja ekinleriniň tohumlaryny ekmegi maksat edinýär.
Ýylyň bütin dowamynda hereket edýän ýyladyşhana işewürligi – ýer bölekleriniň kärendeçileri üçin geljegi uly başlangyç. Telekeçiler hojalyk ekin ýerlerini ekişe taýýarlamak boýunça işleri depginli alyp baryp, ýyladyşhanalarda ýetişdirilýän önümleriň görnüşlerini artdyrýarlar, bu bolsa eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmaga we umuman, oba hojalygyny ösdürmäge ýardam berýär.