Ï «Müň däne» ýokary hilli çörek önümlerini öndürýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Müň däne» ýokary hilli çörek önümlerini öndürýär

view-icon 6726
«Müň däne» ýokary hilli çörek önümlerini öndürýär

Lebap welaýatynda raýatlarymyzy ýokary hilli azyk önümleri, şol sanda çörek we çörek önümleri bilen üpjün etmeklige niýetlenen döwlet eýeçiligindäki kärhanalar bilen birlikde, hususy eýeçilikdäki kärhanalaryň hem birnäçesi hereket edýär.

Şeýle kärhanalaryň biri hem Türkmenabat şäherinde ýerleşýän, 1996-njy ýylda esaslandyrylan, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, özüniň ýokary hilli çörek we çörek önümleri bilen ýurdumyzyň çäginde giňden tanalýan «Müň däne» hususy kärhanasydyr. Döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen bu kärhananyň agzybir işgärleri tarapyndan «Saglyk» hil nyşany bilen öndürilýän önümleriň diňe bir Lebap welaýatynda däl, eýsem, paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynyň dükanlarynda hem islegli harytlaryň biri bolmaklygy aýratyn bellärliklidir.

Kärhanada çörek we çörek önümleriniň dürli görnüşleri, şol sanda bugdaý unundan taýýarlanylýan milli çörekleriň dürli görnüşleri, süýtli we guradylan çörekler, şonuň bilen birlikde, ýörite ölçegli galyplarda ýokary hilli «Paýtagt» bugdaý çöregi öndürilip alyjylara hödürlenilýär. Önümçilikde ýörite çowdary unundan taýýarlanylýan, ynsan saglygy üçin peýdaly «Saglyk» hil nyşanly gara çörekleriň dürli görnüşleriniň, ýokary hilli «Esasy» ady bilen guradylan çörekleriň iki görnüşiniň, dürli görnüşli tagamly kökeleriň we çörek taýajyklarynyň öndürilmegi kärhanada täze önümleriň ilhalar görnüşleriniň gözleginde yzygiderli işlenilýändiginiň subutnamasydyr.

Bu ýerde her günde ortaça 3 tonna golaý çörek we çörek önümleri öndürilip, kärhananyň «Müň däne» hususy dükanynda, şeýle hem welaýatda hereket edýän söwda nokatlarynda we dükanlarda alyjylara ýetirilýär. Kärhanada çörek we çörek önümleri gyzgynlygy bilen öz wagtynda söwda nokatlaryna ýetirmeklige niýetlenen ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň bolmaklygy hem aýratyn bellärliklidir.

Häzirki wagtda kärhananyň agzybir işgärleri Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli alyjylaryň göwnünden turjak täze görnüşli önümleriň üstünde işleýärler. «Müň däne» hususy kärhanasynda önümçiligiň gerimini giňeltmek, ilata hödürlenýän çörek we çörek önümleriniň täze görnüşlerini öndürmek we hil derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, önümçilik üçin täze döwrebap desganyň binasy gurlup, häzirki wagtda Russiýa Federasiýasynda öndürilen kämil enjamlary oturtmak işleri alnyp barylýar.