Ï Daşoguzda durmuş düzümleri işjeň ösdürilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguzda durmuş düzümleri işjeň ösdürilýär

view-icon 16379
Daşoguzda durmuş düzümleri işjeň ösdürilýär

Daşoguz şäherinde «Dokma önümleri söwda merkezi» diýen söwda merkeziniň zallarynda ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümleri giňden görkezilýär.

Binany abatlamak we gaýtadan enjamlaşdyrmak işleri geçirilenden soň, şu ýylyň güýzünde açylan Gurbansoltan eje köçesiniň ugrundaky bu söwda merkezi Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan öndürilýän önümleri ýerlemäge ýöriteleşdirilendir.

Bu ýerde alyjylara hödürlenilýän harytlaryň görnüşleri örän köp. Ýagny, ol ýerden çaga egin-eşiklerini, sport lybaslaryny, ýurdumyzyň meşhur öndürijileriniň ululara niýetlenen üstki eşikleri, ýorgan-düşeklerdir ýassyklaryň daşlyklaryny, süpürgiçleri we beýleki önümleri satyn almak bolýar. 

Şäheriň durmuş düzümlerini has-da ösdürmek Daşoguzda şähergurluşyk işleriniň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Meýilleşdirilen işleri ýerine ýetirmäge döwlet edaralary bilen birlikde, hususy düzümler hem üstünlikli goşuldylar. Mysal üçin, durmuş düzümlerine degişli ähmiýetli täze gurluşyklar hökmünde güýzde ulanylmaga berlen «Tebigat çeşme» atly dermanhananyň binasyny görkezmek bolar. Müşderilere oňaýly bolmagy üçin dermanhanada derman serişdelerini satyn alýan adamlaryň hasaplaşyklary geçirmeklerine niýetlenilen ençeme ýerler hereket edýär, derman serişdeleriniň talaba laýyk saklanylmagy üçin zerur şertler döredilipdir. 

Täze dermanhana şäherde ilatyň gür ýerleşen ýerleriniň biriniň ýakynynda ýerleşendir, bu bolsa ýaşaýjylar üçin goşmaça amatlyklary döredýär. «Tebigat çeşme» dermanhanasynyň ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda-da şahamçalarynyň bardygyny bellemek gerek. 

Şu ýyl ilata durmuş we medeni-durmuş taýdan hyzmat etmäge niýetlenilen hem-de şäheriň durnukly ösüşini we sazlaşykly durmuşyny üpjün edýän açylan täze binalaryň hatarynda welaýatyň dolandyryş merkeziniň dürli künjeklerinde ulanmaga berlen söwda nokatlaryň we kafeleriň birnäçesi bar. Olaryň köp bölegi ozal boş ýatan ýerlerde guruldy. 

Şu ýyl şäherde dürli görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary hem işjeň alnyp baryldy, oňa ýerli telekeçiler toplumy hem giňden gatnaşdy. Ýylyň ahyryna çenli şäherde hususy bilim edaralarynyň ulgamy peýda boldy – meşhur «Kämil bilim» bilim merkezi öz şahamçasyny açdy.