«Arkadag» toparynyň futbolçylary ýokary liganyň toparlarynyň arasynda 26-njy tapgyryň ozal başga senä geçirilen myhmançylykdaky oýnunda Aşgabadyň «Köpetdagyny» 3:0 hasabynda ýeňip, Türkmenistanyň çempionatynda çykyşlaryny doly netije bilen tamamladylar. Duşuşyk paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda geçirildi.
Milli birinjilik ugrundaky ýaryşyň tamamlanmagyna çenli dört tapgyr galanda ýurdumyzyň çempiony bolan «Arkadag» topary üçin bu oýnuň netijesiniň hiç hili täsiri ýokdy, ýöne «Köpetdag» ýeňiş gazanan ýagdaýynda 5-nji orundan «Aşgabat» toparyny yza süýşürip biljekdi.
Emma, beýle ýagdaý bolmady. Duşuşygyň ykbaly oýnuň birinji ýarymynda çözüldi, şonda «Köpetdagyň» derwezesine iki pökgi salyndy. 31-nji we 39-njy minutlarda Altymyrat Annadurdyýew tora iki pökgi geçirip tapawutlandy. 50-nji minutda Mekan Saparow üçünji pökgini derwezä salyp, gutarnykly hasaby belli etdi.
Şeýlelikde, milli birinjilik ugrundaky ýaryşda ilkinji gezek çykyş eden döwlet ähmiýetli Arkadag şäherine wekilçilik eden topar 24 duşuşykda hiç hili utuk ýitirmän, çempionatda çykyşyny tamamlady. Topar ähli duşuşyklarynyň netijeleri boýunça 72 utuk toplady, şunda pökgüleriň tapawudy 83-17 boldy. Toparyň derwezä iň köp pökgi geçiren oýunçysy 27 gol bilen tapawutlanan Didar Durdyýew hasaba alyndy.
Bu oýun bilen ugurdaşlykda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen 25-nji tapgyryň duşuşygynda özüne kümüş medaly üpjün eden paýtagtymyzyň «Altyn asyr» topary goşmaça wagtda «Şagadamdan» 2:1 hasabynda üstün çykmagy başardy. Oýnuň birinji ýarymyna goşulan üçünji minutda myhmanlaryň hüjümçisi Wahit Orazsähedow hasaby açdy. 57-nji minutda Yhlas Magtymow hasaby deňledi – 1:1. 95-nji minutda bolsa Wahit Orazsähedow ikinji pökgini tora geçirip, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň toparyna ýeňiş getirdi.
«Altyn asyrda» bu oýundan soň 50 utuk bar. Ýaryş tertipnamasynda 8-nji orunda barýan «Şagadam» toparynyň bolsa 14 utugy bar.
Bürünç medallaryň ykbaly Balkanabadyň «Nebitçisi» bilen ondan iki utuk yzda barýan «Ahal» toparynyň arasynda çözüler. Çempionat tamamlanýança bu toparlaryň ikisiniň-de iki oýny galdy: «Nebitçi» öz meýdançasynda Marynyň «Energetigi» we Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamy» bilen duşuşar, «Ahal» bolsa myhmançylykda «Şagadamyň» hem-de «Altyn asyryň» garşysyna çykyş eder.