Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguzdaky «Çeper» tikin fabriginiň işgärleri bu ýyly, asylly däbe görä, ýokary iş netijeleri bilen tamamlaýarlar. Fabrigiň zähmetkeşleri ýene-de ýyllyk tabşyrygy üstünlikli ýerine ýetirdiler. Sebitdäki iň irki kärhanalaryň biri bolan bu kärhana bahasy 15 million 261 müň manatdan geçýän önüm öndürip, sarp ediş bazaryny ýokary hilli egin-eşik bilen doldurmaga möhüm goşant goşdy.
Daşoguzyň «Çeper» tikin fabrigi ýokary öndürijilikli döwrebap enjamlaryň netijeli ulanylmagy we işgärleriň ýokary hünär derejesi netijesinde häzirki wagtda ähli mümkinçiligini ussatlyk bilen açyp görkezýän durnukly önümçilik desgasydyr. Onuň işgärleri döredijilikli zähmet çekmek bilen, tehnologik amallary sarp edijileriň isleg bildirýän önümleriniň öndürilmegine tizden-tiz uýgunlaşdyrmaga çalyşýar we şeýlelik bilen, ýüz töweregi geýim, ýorgan-düşek we hojalyk dokma önümlerini öz içine alýan dürli önümleri öndürýär.
Her bir işgäriň öz işini ýokary jogapkärçilikli alyp barmagy taýýar önümleriň haryt görküni we özüne çekijiligini üpjün edýär. Munuň netijesinde häzirki wagtda giň alyjylar köpçüliginde kärhananyň önümlerine yzygiderli isleg bar, bu bolsa, öz gezeginde, öndürilýän geýimleriň mukdarynyň yzygiderli artmagyna ýardam edýär.