Ï Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionaty iň gowy HKA ýaryşy diýlip ykrar edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionaty iň gowy HKA ýaryşy diýlip ykrar edildi

view-icon 9186
Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionaty iň gowy HKA ýaryşy diýlip ykrar edildi

Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionaty göreşiň bu görnüşiniň Halkara federasiýasy (HKF) tarapyndan dünýä çempionatlarynyň taryhynda iň gowusy diýlip ykrar edildi.

«23-nji noýabrdan 29-njy noýabr aralygynda Aşgabatda geçirilen XIV Dünýä Kuraş çempionaty göreşiň bu görnüşi boýunça iň gowy dünýä çempionatlaryndan biri boldy. Türkmenistanyň hökümeti ýaryşy ýokary derejede guramak we geçirmek üçin ähli tagallalary etdi» diýlip, HKF-iň habarynda aýdylýar.

Ozal habar berlişi ýaly, Aşgabatda dünýä çempionatynyň 15 toplum medaly ugrunda dört yklymyň 45 ýurdundan gelen 181 türgen bäsleşdi, DÇ-2023-iň geçirilýän günleri bolan HKA-nyň kongresine Aziýada, Afrikada, Ýewropada, şeýle hem Günorta we Demirgazyk Amerikada ýerleşýän 53 ýurtdan wekiller gatnaşdy.

Olimpiýa şäherçesiniň Söweş sungaty sport toplumynda geçen dünýä çempionaty Türkmenistanyň milli ýygyndy topary üçin dabaraly tamamlandy, onuň türgenleri 15 agram toparynda 5-si altyn, 6-sy kümüş we 4-i bürünç bolmak bilen 15 medal gazandy. Bu görkezijiler bilen biziň pälwanlarymyz toparlaýyn bäsleşikde umumy medal sanynda beýleki toparlardan ep-esli öňe geçip, diňe 7 altyn, 1 kümüş we 1 bürünç medala eýe bolan Özbegistanyň milli ýygyndy toparyndan altyn baýraklaryň sany boýunça yza galdy. Öňdäki üç toparyň ahyrky hataryny Gazagystanyň topary eýeledi, olaryň kuraşçylary bir altyn, iki kümüş we üç bürünç medal gazandy. Umuman alanyňda, Aşgabatda geçen Kuraş boýunça dünýä çempionatynda 45 ýurtdan 16-synyň türgenleri hormat münberine çykdy.

Halkara Kuraş assosiasiýasynyň prezidenti Haýdar Farmanyň sözlerine görä, bu kuraş sportunyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak täze sahypa. HKA-nyň başlygy muny ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyna iberen hatynda ýurduň ýolbaşçylaryna Dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirendigi we mähirli myhmansöýerligi üçin çuňňur hoşallyk bildirmek bilen aýtdy.

«XIV Dünýä Kuraş çempionaty uly sport çärelerini ýokary derejede geçirmäge ukyply döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara abraýyny ýene bir gez artdyrdy. Millionlarça adam we sport muşdaklary gyzgalaňly söweşlere göni ýaýlymda uly lezzet bilen tomaşa etdiler, bu bolsa Türkmenistanyň ýokary adamzat ideallaryna we halkara sport diplomatiýasyna ygrarlydygyny tutuş dünýä ýene bir gezek görkezdi» diýip, Halkara Kuraş assosiasiýasynyň prezidenti Haýdar Farman nygtady.