Ï Türkmenistanyň konditer kärhanalary önümçiligiň möçberini artdyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň konditer kärhanalary önümçiligiň möçberini artdyrdy

view-icon 8565
Türkmenistanyň konditer kärhanalary önümçiligiň möçberini artdyrdy

Baýramçylyk günlerinde alyjylar süýji-kökä uly isleg bildirýärler, çünki Täze ýyl saçagyny olarsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Şonuň üçin-de ýurdumyzyň konditer kärhanalary ýörite Täze ýylyň öňüsyrasynda önümçiligiň möçberini artdyrdy.

Daşary we içeri bazarlarda önümine uly isleg bildirilýän «Hasar» konditer fabrigi ýokary hilli önümleriň köp görnüşini: marmelad, wafli köke, şokolad, karamel, kemput, pisse hödürleýär. Bu ýyl Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli kärhana 150 müňden gowrak şirin sowgat öndürdi.

«Ak gar» konditer önümlerini öndürýän hususy kärhana Täze ýyl ýordumlary bilen bezelen özboluşly gaplamalarda iki görnüşli çaga sowgatlarynyň önümçiligini artdyrdy. Agramy 2 kilograma barabar bolan uly Täze ýyl sowgatlaryny Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän «Ak gar» kärhanasyndan lomaý ýa-da ýurtdaky ähli söwda nokatlaryndan bölekleýin alyp bolýar.

Telekeçi Meret Meredow «Derek» ýarlygy astynda çemçe we inedördül görnüşindäki şokolad kemputlaryny, şeýle hem «Mini» ýarlykly kornet hozy bilen örtülen iki görnüşli wafli saýawan şokoladynyň önümçiligini ýola goýdy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasynyň «Kindi» söwda belligi astynda işleýän önümçilik kärhanasy ösen tehnologik enjamlary ulanyp, 36 görnüşli kitirdewük köke önümlerini öndürýär.

Kärhananyň hünärmenleri Täze ýyl baýramçylygynyň bosagasynda baýram supralarymyzda mümkingadar köp dürli süýji nygmatlar bolar ýaly öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrdylar. Türkmenistanyň konditer önümleri bazary ýurduň ykdysadyýetine mynasyp goşant goşýar. Öz gezeginde, häzirki zaman önümçiliginde ýokary tehnologiýalaryň we täzelikleriň ulanylmagy müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär. 

Tebigy maddalar bilen konditer önümleri öndürilende, fabrikler we kärhanalar innowasion «akylly» tehnologiýany ulanýarlar. Awtomatlaşdyrylan enjamlar ähli tapgyrlara gözegçilik edip, wagty, temperaturany we çyglylygy özbaşdak kadalaşdyrýar. Şeýle hem Türkmenistanda 2021 – 2025-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň çäginde konditer önümlerini internet arkaly satmak we tanatmak mümkinçiliginiň bardygyny bellemelidiris.