Ï Baýramçylyk saçagyny ýazýarys
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Baýramçylyk saçagyny ýazýarys

view-icon 9053
Baýramçylyk saçagyny ýazýarys

Türkmen milli naharlary halkymyzyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Häzir köpsanly türkmenistanlylar däp-dessurlara laýyklykda, baýramçylyk saçagyny ýazmagyň höwesinde.

Tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan bazarlarda we söwda nokatlarynda bolçulyk bilen hödürlenilýän milli tagamlar hem-de bol nygmatlar berekede baý Täze ýyl saçagyny ýazmaga ýardam edýär.

Tekjeler miweleriň köp görnüşleri bilen bolçulyk döredýär. Ýyldyzlar boýunça bilermenleriň maslahat berişleri ýaly, ýetip gelýän 2024-nji ýylyň nyşany bolan balyk ýylynyň gülüp bakmagy üçin saçakda, esasan, gyzyl reňkli miweleri ýa-da ir-iýmişleri goýmak gerek. Olar gyzyl alma, ýer tudana, ülje, nar bolup biler. 

Gyzgyn palaw Täze ýyl saçagynyň iň esasy tagamy bolup biler. Gündogar medeniýetinde tüwi baýlygyň we bolçulygyň nyşany hasaplanýar. 

Baýramçylyk saçagy durnukly ösüşiň we abadançylygyň alamaty bolup durýan ter gök önümlersiz geçmez. Täze ýyl gijesinde saçakda gök önümler we dürli gök otlar mümkin boldugyça köp goýulmalydyr. Şu günler Türkmenistanyň bazarlary ýurdumyzyň ýyladyşhana toplumlarynda ösdürilip ýetişdirilen gök önümleriň we ter gök otlaryň köp görnüşlerini hödürleýär.

Etden we balykdan taýýarlanylan tagamlar hem Täze ýylyň naharlarynyň hatarynda oňat kabul edilýär. Kepir, garabalyk, galyňmaňlaý balyklary halkymyzyň halaýan görnüşleridir. Olaryň gylçygy az bolup, adam bedenine örän oňat täsir edýär. Ýurdumyzyň bazarlarynyň balyk satylýan bölümleri deňiz baýlyklarynyň köp görnüşlerini – diri we bişirilen leňňeçleri, gyzyl we gara işbilleri hem-de beýlekileri hödürleýärler. 

Süýjülik tagamlar üçin bolsa ýurdumyzyň süýji-köke öndürýän kärhanalary Diýarymyzyň öndürijilerinden ýokary hilli süýji önümleri dadyp görmegi hödürleýärler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň täzelikler bölümi dürli süýji-köke önümleriniň öndürilişiniň artdyrylyşy barada habar berýär.