Ï Lebap welaýatynda täze desgalar açylyp ulanylmaga berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Lebap welaýatynda täze desgalar açylyp ulanylmaga berildi

view-icon 6899
Lebap welaýatynda täze desgalar açylyp ulanylmaga berildi
camera-icon
Merdan Orazow

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýän bir sany şäher hem-de şäherçe, şeýle hem geňeşlikleriň 7 we obalaryň 32 sanysy, jemi hojalyklaryň bolsa 14 müň 860-dan gowragy Täze ýyl baýramçylygynyň öňýanynda ajaýyp toý sowgadyny aldylar.

Etrabyň Bitik geňeşliginde ýerleşýän, kuwwaty bir gije-gündiziň dowamynda 25 müň metr kub bolan suw arassalaýjy desgasyndan ilatly nokatlara uzaýan suw üpjünçiliginiň gurluşygy tamamlanyp, ýaşuly nesliň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň gatnaşmaklarynda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi.

Bu taslamanyň gurluşyk işleri Lebap welaýat häkimliginiň Düýpli gurluşyk dolandyrmasynyň buýurmasy esasynda «Ýaş türkmenler» hususy kärhanasy tarapyndan alnyp baryldy. Jemi uzynlygy 86,1 km bolan taslamanyň 25,2 kilometrinde diametri 500 mm hem-de 60,9 kilometrinde diametri 315 mm bolan turbalar oturdylypdyr. Bu taslamanyň gurluşygynyň tamamlanyp, işe girizilmegi ýurdumyzda ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek baradaky döwlet syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Günüň dowamynda Türkmenabat şäheriniň Azatlyk şäherçesinde lagym suwlaryny bir ýere jemlemeklige niýetlenen lagym sorujy bekediň hem ýaşuly nesliň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň gatnaşmaklarynda açylyş dabarasy geçirildi. Taslama boýunça kuwwatlylygy bir gije-gündiziň dowamynda 7,2 müň metr kub lagym suwuny geçirmäge niýetlenen bu desga hem Lebap welaýat häkimliginiň Düýpli gurluşyk dolandyrmasynyň buýurmasy esasynda «Ýaş türkmenler» hususy kärhanasy tarapyndan ýokary hil derejesinde gurlupdyr.

Täze lagym sorujy beket Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda ýerleşýän, şäheriň binagärlik keşbine görk berip duran täze döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna, ýagny 59 sany 4 gatly 32 öýli we 22 sany 4 gatly 40 öýli ýaşaýyş jaýlar toplumyna, şeýle hem bu ýerde ýerleşýän 170 sany 2 gatly 5 otagly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlar toplumyna we şäheriň Azatlyk şäherçesinde täze döredilen mellek ýer gaznalaryndaky 21 müň 508 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlar toplumyna niýetlenendir.

Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda täze döwrebap şäherçäniň emele gelmegi hem-de bu ýere göçüp gelýän raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşy üçin ähli şertleriň döredilmegi ýurdumyzda adam hakyndaky aladanyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.