Aşgabatda, Arkadag şäherinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda täze ýyl bazarlary türkmenistanlylara baýramçylyk ruhuny bagyş edýär.
Ýurdumyzyň ähli söwda nokatlarynda depginli söwda işleri ir ertirden başlanýar we giç agşama çenli dowam edýär. Şu günler bazarlar, dükanlar hem-de söwda merkezleri köp adamly, çünki täze ýylyň gelmegine sanlyja günler galdy. Hemmeler sowgatlary we täze ýyl saçagyna nygmatlary satyn almaga howlugýar.
Tekjelerde goýlan azyk harytlarynyň bolçulygy köpdürliligi bilen haýran galdyrýar. Şoňa görä-de, alyjylar zerur önümleriň sanawyny öňünden düzýärler.
«Baýramçylyk saçagyna siz nähili tagam taýýarlmakçy bolýarsyňyz?» diýlen sowala paýtagtyň zenanlarynyň arasynda milli tagamlarymyz bolan manty, palaw, dograma diýen jogaplar meşhur boldy. Erkekler bolsa çişlik taýýarlamagy maksat edinýärler. Şoňa görä-de, öndürijilerimiziň et önümlerini saýlaýarlar.
Miwe satylýan tekjeleriň ýanynda söwdalar aýratyn depginli ýagdaýda barýar. Bu ýerde miwe görnüşlerinden alma, armyt, banan, kiwi, pyrtykal, nar bar. Ýertudana, üzüm we ekzotik önümler bolan ananas, kokos, awokado hem-de pitaýýa uly meşhurlyga eýedir.
Gündogaryň süýjiliklerine – kakadylan miwelere, hozlara islegler uly. Täze ýyl bazarlarynda grek hozlary, maňyzlar, pisseler, badam şänikleri we beýlekiler bar.
Satyjylar alyjylaryň köp sanly bolmagyna taýýarlandylar. Önümler barada hoşamaýlyk bilen gürrüň berýärler, isleglerine görä harytlaryny saýlamaga kömek edýärler we satyn alan her bir alyjyny ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen gutlaýarlar.