Balkanabadyň «Nebitçisi» ýokary liganyň toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň çempionatynyň bürünç medallaryny eýeledi. Munuň özi milli birinjilik ugrundaky ýaryşyň 27-nji tapgyrynyň netijeleri boýunça belli boldy.
Bu tapgyryň öňýanynda bürünç baýraga «Nebitçi» we oýnalmadyk iki oýnuň netijesi boýunça ondan 5 utuk yzda barýan «Ahal» bäsdeşlik edýärdi. «Nebitçi» özüniň jemleýji duşuşygynda Balkanabat şäherinde milli birinjilik ugrundaky ýaryşyň tertipnamasynda ahyrda gelýän Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» toparyny kabul etdi, «Ahal» bolsa myhmançylykda ýurduň wise-çempiony paýtagtyň «Altyn asyr» topary bilen oýnady.
Balkanabatdaky oýun ýer eýeleriniň az-kem artykmaçlygynda geçdi, olar oýnuň hasabyny çalt açmagy başardylar. 7-nji minutda pökgi «Şagadamyň» oýunçysy Ýunus Orazmämmedowyň aýagyndan öz derwezesiniň toruna girdi we «Nebitçiniň» futbolçylary 1:0 hasap bilen öňe saýlandylar.
Akmämmet Metdäýew 55-nji minutda köp ugurly hereketlerden soň, ikinji pökgini salyp, balkanabatlylaryň üstünligini berkitdi.
Toparlar oýny doly düzümlerinde tamamlamadylar. Ilki 76-njy minutda duşuşygyň emini Akmyrat Gurbanow «Şagadam» toparyndan Ýunus Orazmämmedowy, iki minutdan soň bolsa iki sany sary duýduryşy üçin «Nebitçiniň» futbolçysy Aşyrgeldi Saryýewi dynç almaga ugratdy.
2:0 hasabynda ýeňiş gazanyp, «Nebitçi» yzýanyndan gelýän topar üçin elýetmez boldy hem-de milli birinjilik ugrundaky ýaryşyň bürünç medallaryny 7-nji gezek eýeledi. Balkan welaýatynyň dolandyryş merkeziniň toparyny bu üstünlige baş tälimçi Hojahmet Arazow getirdi, oňa işinde Ýagmyrmyrat Annamyradow we derwezeçileriň tälimçisi Rejepberdi Bagaberdiýew kömek edýärler.
Ozal Türkmenistanyň dört gezek çempiony we milli birinjilik ugrundaky ýaryşyň sekiz gezek kümüş medalynyň eýesi «Nebitçi» bürünç medallara 1993-nji, 1995-nji, 2001-nji, 2005-nji, 2007-nji we 2008-nji ýyllarda mynasyp bolupdy.
«Nebitçi» geçiren 24 duşuşygynda 41-31 pökgi tapawudynda 43 utuk toplady. Şunda 10 pökgi toparyň şu möwsümde garşydaşlaryň derwezelerine iň köp gol geçiren oýunçysy Mahtymberdi Berenowa degişlidir. Ol Türkmenistanyň çempionaty-2023-de köp gol salanlaryň hatarynda 4-nji orny eýeledi. 1992-nji ýylda çykyş edip başlan wagtyndan bäri ýurduň çempionatlarynda «Nebitçiniň» futbolçylary derwezä 1631 pökgi geçirdiler. Toparyň taryhynda hormatly 1600-nji goly ýaş ýarym goragçy Arslangylyç Nazgylyjow geçirdi. Şol pökgini ol 2023-nji ýylyň 27-nji maýynda Balkanabatda geçirilen 9-njy tapgyryň çäklerinde Marynyň «Energetik» toparynyň derwezesine saldy.
Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndaky «Sport toplumy» stadionynda 27-nji tapgyryň ugurdaşlykda geçirilen beýleki duşuşygynda «Altyn asyr» «Ahal» toparyny 2:1 hasabynda ýeňdi. Ýeňijilerde iki pökgini geçirip, Rahman Myratberdiýew (53-nji we 59-njy minutlar) tapawutlandy. Ýeňlen toparda Gurbanmuhammet Esenow (83-nji minut) hasaby gysgaltdy. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň topary 56-njy minutda Ruslan Täjiýew oýundan çykarylandan soň, azlykda oýnap ýeňiş gazandy.
«Altyn asyr» yzly-yzyna ikinji gezek kümüş medallara mynasyp bolup, çempionaty tamamlady. Ýazguly Hojageldiýewiň tälim berýän türgenleri 57-26 pökgi tapawudy bilen 54 utuk topladylar.
Ýatlap geçsek, Türkmenistanyň çempiony möhletinden öň «Arkadag» topary boldy. Döwlet ähmiýetli Arkadag şäherine wekilçilik edýän, 2023-nji ýylyň aprelinde döredilen bu adybir topar milli birinjilik ugrundaky ýaryşyň altyn medallaryny 24 duşuşygyň ählisinde ýeňiş gazanyp, wagtyndan öň eýeledi.