Daşoguz welaýatynda ýurdumyzda öndürilen sintetiki polimerler arkaly taýýarlanylýan önümleriň görnüşleri artýar. Olaryň sanawynda indi bagçylykda ulanylýan örme owadan mebeller bar. Polietilen we polipropilen olary öndürmek üçin çig mal bolup hyzmat edýär.
El bilen taýýarlanylýan şeýle mebellere biziň günlerimizde ekologiýa taýdan arassalygy, ýeňilligi we berkligi, tebigy şertlere durnuklylygy sebäpli alyjylar tarapyndan uly isleg bildirilýär.
Şeýle önüm öndürijileriň biri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy A.Ganjaýewdir. Telekeçi tarapyndan şol bir wagtyň özünde esasy önümçilige goşmaça iş eşiklerini tikmäge ýöriteleşdirilen tikin sehi hem döredildi. Bu ýerde gurnalan ýokary öndürijilikli enjam zerur tehnologik amallary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär hem-de önümiň tikilişiniň ýokary hilini üpjün edýär.
Ozal telekeçi A.Ganjaýew sebitde suwuk serişdeler üçin plastik gaplary öndürmegi bilen tanalýardy.
Daşoguz welaýatynyň telekeçileri şu günler alyp barýan işleriniň gerimini işjeň giňeldýärler. Munuň özi olaryň alyjylaryň isleglerine dessine seslenmek hyjuwy, isleg bildirilýän önümleri köp möçberde öndürmäge bolan höwesleri bilen düşündirilýär. Bu bolsa ahyrky netijede hususy önümçiligiň girdejili bolmagyna hem-de sarp ediş bazaryny harytlaryň täze görnüşleri bilen doldurmaga ýardam edýär.