Täze ýylyň ilkinji günlerinden başlap, güneşli Diýarymyzda önümçilikde ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan guwandyryjy ösüşler halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşynyň güwäsi bolup, bereket bolçulygynyň anyk nyşanyna öwrülýär. Şeýle il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli oňyn özgertmelere saldamly goşantlaryny goşýan hususyýetçileriň hatarynyň has-da artandygy hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Şol kärhanalaryň biri-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzasy Sapardurdy Nazlyýewe degişli bolup, ol gök önümleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenendir. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki bu kämil ýyladyşhana häzirki zaman ylmynyň we öňdebaryjy tejribäniň gazananlaryna, ösen tenhologiýalara daýanýar. Häzirki wagtda jemi dört gektar ekerançylyk meýdany tutýan ýyladyşhanada 30-a golaý adam zähmet çekýär. Olaryň bilelikdäki zähmeti arkaly bu ýerde bäsleşige ukyply, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli önümler ösdürilip ýetişdirilýär. Ýyladyşhanada ýylylyk, çyglylyk, suwaryş ulgamlarynyň işlerem talabalaýyk ýola goýlupdyr.
Golaýda biz ýyladyşhanada bolanymyzda, onuň ýolbaşçysy, ussat telekeçi Sapardurdy Nazlyýew bilen gürrüňdeş bolduk. Şonda ol:
– Biz il-ulsumyzyň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagy, raýatlarymyzyň mukaddes topragymyzda ýetişdirilýän ter gök önümler bilen ýylyň ähli paslynda üpjün edilmegi ugrunda döwlet möçberindäki aladalara mynasyp goşant goşmagy esasy ýörelge edinýäris. Şu maksat bilen önümçilik çäklerimizi has giňeltmegi, şeýle-de önümleriň öndürilişini düýpli artdyrmagy, görnüşlerini köpeltmegi göz öňünde tutýarys – diýip, gürrüň berdi.
Durmuş tejribesiniň görkezişi ýaly, hakykatdanam milli ykdysadyýetimiziň agrosenagat pudagynda görnükli netijeleriň gazanylmagynda, azyk bolçulygynyň berkidilmeginde zähmetsöýer telekeçileriň mynasyp zähmet paýlary bar. Has takygy, geçen ýyl ýygnalan bulgar burçunyň umumy möçberi 121 tonnadan geçdi. Şeýle-de bulgar burçunyň biri-birinden reňkleri, tagamy, möçberi babatda tapawutlanýan görnüşleri içerki hem-de daşarky bazarlarda ýerleşdirildi. Öz işine örän oýlanyşykly çemeleşip, tutanýerli, döredijilikli işleýän tejribeli telekeçiler bulgar burçunyň hasyly ýygnalandan soň, üstünliklere beslenen geçen ýylyň sentýabrynda ýyladyşhana toplumyna pomidoryň dürli görnüşlerini ekdiler. Häzirki wagtda olar bol we oňat hilli hasyl berýär. Ýetişdirilýän bereketli pomidor hasylyna-da diňe bir içerki bazarlarymyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da uly isleg bildirilýär. Muňa bolsa bäsleşige ukyply, ekologiýa taýdan arassa pomidor hasyllarynyň Russiýa Federasiýasyna yzygiderli ugradylyp durulmagam şaýatlyk edýär.
Mundan başga-da, mineral dökünler bilen baýlaşdyrylan, suw bilen üpjün edilen pomidorlaryň gözüňi dokundyrýan owadan hatarlary suwarylanda syzylyp çykýan artykmaç suwlar rejeli, tygşytly peýdalanýar. Netijede artykmaç suwlar ýörite akarlaryň kömegi bilen bir ýere toplanyp, telekeçiniň ýyladyşhanasynyň golaýyndaky bäş gektara çenli ýaýylyp gidýän bag nahallaryny suwarmakda ulanylýar.