Ï Türkmenistanda goýaldylan süýdüň öndürilişiniň möçberi artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda goýaldylan süýdüň öndürilişiniň möçberi artýar

view-icon 6428
Türkmenistanda goýaldylan süýdüň öndürilişiniň möçberi artýar

Marynyň süýt zawodynda «Mermer» söwda nyşany bilen goýaldylan süýdüň öndürilişiniň möçberleri artýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasynyň öndürýän bu we beýleki konditer önümleri içerki bazarda uly islegden peýdalanýar.

Goýaldylan süýdi taýýarlamagyň tehnologiýasy birnäçe tapgyrlary özünde jemleýär. Kärhanada oturdylan ýokary tehnologiýaly enjamlaryň giň mümkinçilikleriniň netijesinde ýaş hünärmenler önümçiligiň ýokary möçberlerini üpjün etmegiň hötdesinden gelýärler. Her aýda kärhana 10 tonnadan 15 tonna çenli goýaldylan süýt öndürýär.

Önümiň metal we plastik gaplardaky daşky görnüşi nusgawy ak-gök reňkleriň utgaşmasynda ýerine ýetirilipdir. Ýaglylygy 8,5% bolan goýaldylan süýdüň düzüminde GMO ýok. Metal gaba gaplanan goýaldylan süýt ulanylyş möhleti boýunça iň uzak wagtlykdyr.