2024-nji ýylyň birinji çärýeginde «Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasy dürli ugurlar boýunça halkara gatnawlaryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Ýanwar aýynyň başynda awiakompaniýa Aşgabat – Abu-Dabi aralygyna hepdede bir gezek gatnawy täzeden ýola goýdy.
Awiakompaniýa fewral aýynda Jidda (Saud Arabystany) we Kuala-Lumpur (Malaýziýa) aralygyna hyzmatlaryny hödürlemegi meýilleşdirýär. Aşgabat – Kuala-Lumpur ugry boýunça uçuşlar 15-nji fewraldan hepdede iki gezek, 16-njy fewraldan bolsa hepdede üç gezek Aşgabat – Jidda howa gatnawyny ýola goýmak göz öňünde tutulýar.
Mart aýynda «Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasynyň gatnaw ugurlary has-da giňeler. Aşgabatdan Hoşimine (Wýetnam) 5-nji martdan hepdede iki gezek, Aşgabat – Milan (Italiýa) aralygyna 6-njy martdan hepdede bir gezek uçuş amala aşyrylar.
Italiýanyň KHBS-niň neşirlerinde «Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasynyň Aşgabatdan Milanyň Malpensa howa menziline täze ugry, täze «Boeing 777-300 ER» kysymly ýolagçy uçarlarynyň ulanylýandygy we demirgazyk Italiýadan Wýetnama gidýän ýolagçylar üçin bu ugruň amatlydygy, Türkmenistan we onuň paýtagty barada umumy maglumatlar barada habarlar peýda boldy.