Diýarymyzda ekologiýa taýdan arassa azyk önümlerini köp möçberde öndürmek, türkmen topragynda ýetişdirilýän önümleri daşary ýurtlara eksport edýän kämil önümçiligi guramak döwletimiziň öňde goýýan esasy maksatlarynyň biridir. Şeýle ýörelgeden ugur alýan ýurdumyzyň Günbatar sebitiniň oba hojalyk toplumynyň işgärleri hem ýokary önümçilik görkezijilerine mynasyp bolýarlar.
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň «Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Gyzylarbat etrabyndaky degirmen toplumynda amala aşyrylýan netijeli işler hem muňa anyk güwä geçýär. Etrabyň Sarp obasynyň çäginde ýerleşýän bu toplumda işler guramaçylykly ýola goýlupdyr. Ähli döwrebap şertleridir mümkinçilikleri bolan kärhanada ak bugdaý gaýtadan işlenip, birnäçe görnüşli unlar taýýarlanylýar. Önümçilik desgasyndaky kuwwatly enjamlaryň hünärmenler tarapyndan göwnejaý işledilmegem önümleriň ýokary hil derejesini şertlendirýär. Kärhananyň ýanynda 50 müň we 30 müň tonna däne saklaýan elewatorlaryň bolmagy bellenilmäge mynasypdyr. Onda daýhan zähmeti bilen öndürilen ak bugdaý nusgalyk hil derejesinde saklanylýar. Şeýle hem galla hasylyny taýýar önümlere öwürmekde ýylda 50 müň tonna un öndürýän döwrebap bölüm bar.
Geçen 2023-nji ýylda bu ýerde 43149 tonna bugdaý gaýtadan işlenilip, bu baradaky ýyllyk meýilnama 147 göterim ýerine ýetirildi. Degirmen toplumynda geçen döwürde öndürilen unuň umumy möçberi 32362 tonna deň bolup, şonuň 10787 tonnasy ýokary hilli, 21575 tonnasy birinji sortly una degişlidir. Kärhanada gürrüňi edilýän hasabat döwründe mallar üçin taýýarlanan kepegiň möçberi-de 9810 tonna barabar boldy.
Şu günlerde hem kärhananyň agzybir işçileridir hünärmenleri gaýratly, öndürijilikli zähmet çekip, 2024-nji ýylyň ilkinji aýynyň her bir gününi guwançly görkezijilere besleýärler.