Türkmenistan we Özbegistan halkara ýük daşalyşynda Türkmenistanda we Özbegistanda ýük daşaýanlardan alynýan ýygymlary we tölegleri amatlaşdyrmagy göz öňünde tutýarlar. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň saýtynda habar berilýär.
Bu mesele iki ýurduň ýük daşaýjylaryndan alynýan ýygymlar we tölegler meselesi boýunça türkmen-özbek bilermenler toparynyň ýakynda geçen ýygnagynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar, şeýle hem Türkmenistanyň we Özbegistanyň çäginden halkara ýük daşaýjylara wiza almak işini ýönekeýleşdirmek üçin hökümetara şertnamanyň taslamasyna gol çekilmegini çaltlaşdyrmak mümkinçiligine garadylar.
Türkmen tarapy Özbegistanyň hut şol wagtyň özünde rugsatnamalaryň elektron görnüşinde alyş-çalşygyny üpjün edýän «E-permit» ulgamyna geçmek tejribesini öwrenmäge gyzyklanma bildirdi.