Türkmenistanyň wekiliýeti 29-30-njy ýanwarda ÝB – Merkezi Aziýa durnukly ulag aragatnaşygy boýunça Brýusselde (Belgiýa Patyşalygy) geçiriljek «Global Gateway» maýa goýum forumyna gatnaşar. Türkmen wekiliýetiniň sapara taýýarlygy we maksatnamasy baradaky maglumat anna güni geçirilen hökümet mejlisinde yglan edildi.
Bellenilişi ýaly, çäräniň dowamynda birnäçe Ýewropa kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ulag pudagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen gepleşikleriň hem işewür duşuşyklaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen wekiliýetiniň Brýusselde geçiriljek «Global Gateway» maýa goýum forumyna gatnaşmagynyň ýokary guramaçylyk derejede üpjün edilmegi barada görkezme berdi we forumyň çäginde meýilleşdirilen «Türkmenistanyň ulag toplumynyň maýa goýum mümkinçilikleri» mowzugy boýunça umumy mejlis geçirmegi tabşyrdy.
Ulag toplumyna degişli gurluşlaryň 2024-nji ýyl üçin birnäçe iri maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini göz öňünde tutýan iş meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşylanda bu mowzugyň ähmiýeti nygtaldy. Ýurdumyzyň barha depginli ösýän milli ykdysadyýetinde ulag we aragatnaşyk toplumynyň esasy ornuny göz öňünde tutmak bilen, meýilnamalarda ulag infrastrukturasynyň netijeli ulanylmagy arkaly sebitde ýük akymlaryny we üstaşyr geçiş mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça çäreler meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, maýa goýumlary üçin amatly şertleriň döredilmegi we halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlendi.
Toplumyň maddy we tehniki binýadyny berkitmäge, häzirki zaman demir ýollarynyň, awtoulag we howa menzilleriniň, ýük terminallarynyň, deňiz gämileriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň, önümçilik we jemgyýetçilik desgalarynyň, sanly ulgamlaryň, telefon beketleriniň gurluşygyna aýratyn üns berler. Bu çäreleriň ählisi-de Ýewropa Komissiýasynyň ýolbaşçylygy we maliýe goldawy bilen Ýewropanyň Dikeldiş we ösüş banky (ÝDÖB) tarapyndan amala aşyrylan Ýewropany Merkezi Aziýa bilen birleşdirýän durnukly ulag geçelgeleri baradaky agtaryşyň esasy netijelerine laýyk gelýär. Brýusseldäki Maýadarlar forumy hut şu agtaryşlaryň netijelerine esaslanyp, Ýewropa toparynyň (Team Europe) çemeleşmesiniň çäginde ýer alan taslamalar boýunça indiki anyk çäreleri geçirmek üçin guraldy.
Ýewropa agtaryşynyň daşky gurşawy, sosial, ykdysady we maliýe durnuklylygy we syýasy durmuşa ukyplylygy göz öňünde tutup, Merkezi Aziýanyň bäş döwletini (Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan) ÝB-niň giňeldilen Transýewropa ulag ulgamy bilen birleşdirýän iň durnukly ulag geçelgesini kesgitlemek, şeýle-de hem ýumşak infrastruktura, hem fiziki infrastruktura nukdaýnazaryndan kesgitlenen ulag geçelgelerini ösdürmäge durnukly çemeleşmek üçin möhüm çäreleri teklip etmek ýaly iki maksady bardy.
Agtaryş tutuş sebit boýunça infrastruktura maýa goýmagyň belli zerurlyklaryny (bar bolan demir ýollary döwrebaplaşdyrmak, täzeden gurmak, awtomobil ýol birikmeleri, gämi duralgalaryny ulaltmak, portlaryň geçirijiligini artdyrmak, logistika merkezleri, ammarlar we şuňa meňzeşler bilen bagly bolan), şeýle hem özara baglanyşygyň ýumşak düzüm bölegi boýunça sazlaşykly hereketleriň zerurdygyny (söwdany ýeňilleşdirmek, kadalaşdyryjy çäreler, sanlylaşdyrmak, nyrhlary sazlamak, gümrük amallary, serhet gözegçiligi, ylalaşyk, bazary liberallaşdyrmak we şuňa meňzeşler) ýüze çykardy.
Bularyň ählisi Türkmenistanyň Hazarüsti ulag baglanyşyklarynyň bäsdeşlige ukyplylygyna, ykdysady özüne çekijiligine we amaly netijeliligine goşant goşup biljek anyk hem ýerine ýetirip boljak işlerdir. Olar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisi üçinem biri-birleri we Ýewropa bilen aragatnaşygy gowulandyrmak arkaly öz durnukly ykdysady ösüşini iň ýokary derejä ýetirmek üçin mümkinçilikleri hödürleýär.