Ï Türkmenistan we Eýran gümrük işi pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan we Eýran gümrük işi pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

view-icon 4669
Türkmenistan we Eýran gümrük işi pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

Ahal welaýat gümrükhanasynyň «Artyk» gümrük barlag geçiş nokadynda Türkmenistanyň we Eýranyň wekiliýetleri ýene bir iş maslahatyny geçirdiler.

Gümrük, migrasiýa, serhet gullugynyň, «Türkmenawtoulaglary» we «Türkmendemirýollary» agentlikleriniň, şeýle hem «Türkmenulaggözegçilik» döwlet kärhanasynyň wekillerinden ybarat bolan türkmen wekiliýetine ýurdumyzyň Döwlet gümrük gullugynyň gümrük gözegçilik bölüminiň başlygy A.Nyýazow ýolbaşçylyk etdi.

Eýranyň wekiliýetine «Lotfabad» barlag geçiş nokadynda gümrük gullugynyň başlygy Korban Karimi ýolbaşçylyk etdi. Duşuşyk Türkmenistanyň Eýrandaky Baş konsulynyň (Maşat şäheri), şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ahal welaýatyndaky wekiliniň gatnaşmagynda geçirildi. Taraplar «Artyk-Lotfabad» gümrük barlag geçiş nokadynda ulaglaryň ýük daşamalarynyň ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hususan-da, barlag nokadynyň işgärleriniň iş wagtyny uzaltmak, ýük awtoulag sürüjileri üçin wiza bermekligi ýönekeýleşdirmek we ýükleri çalt gözden geçirmek arkaly garaşmagyň wagtyny tygşytlamagyň zerurdygy bellenildi. Maslahata gatnaşyjylar gümrük nokatlarynyň arasyndan geçýän ýoluň Eýran bölegini abatlamak meselesini hem ara alyp maslahatlaşdylar.