«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy 2023-nji ýylda sarp edijilere 4 million tonnadan gowrak nebit önümlerini iberdi. Şunda «Kenar» kärhanasynyň TNGZT-niň nebit önümlerini saklamak we ibermekdäki, taýýar önümler bilen hem içerki, hem daşarky sarp edijileriň üznüksiz we ýokary hilli üpjün edilmeginde uly hyzmaty ýerine ýetirýär.
Geçen ýyl «Kenar» kärhanasy 4 million tonnadan gowrak taýýar nebit önümlerini iberdi. Olardan 2 million 760 müň tonna taýýar önüm içerki sarp edijilere, takmynan, 1,3 million tonna bolsa daşary ýurt bazarlaryna iberildi.
TNGZT-e gelýän nebit çig malyndan dürli kysymly awtomobil benzini, uçar kerosini we tehniki kerosin, dizel ýangyjy, mazut, motor ýaglary, polipropilen, peç ýangyç ýagy, koks, suwuklandyrylan gaz, gurluşyk we ýol bitumy, şeýle hem nebitdir nebithimiýa önümleriniň beýleki görnüşlerini öndürýär we bu önümler sebitdäki we onuň daşyndaky eksport bazarlarynda ýerlenilýär.
Taýýar nebit önümleri ýüklenen gämiler we otlular deňiz hem demir ýollar bilen dünýäniň dürli ýurtlaryna, şol sanda Gruziýa, Malta, Azerbaýjan, Owganystan, Özbegistan we Täjigistan ýaly ýurtlara iberilýär.