Ï Awazaly energetikler täze ýylda täze sepgitleri maksat edinýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Awazaly energetikler täze ýylda täze sepgitleri maksat edinýärler

view-icon 4433

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, medeni-durmuş ulgamlaryny elektrik energiýasy bilen üznüksiz üpjün etmekde uly ösüşler gazanylýar. Munuň hakykatdanam şeýledigine Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň önümçilik düzümlerindäki işleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Awaza» döwlet elektrik bekedinde şu günlerde alnyp barylýan işler hem oňa doly güwä geçýär. Ol diňe bir Günbatar sebitiň däl, eýsem, tutuş ýurdumyzyň elektrik energiýasyna bolan isleglerini kanagatlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Dünýä syýahatçylygynyň merjenine öwrülen syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän dürli derejeli ajaýyp myhmanhanalary, toplumlardyr desgalary, dynç alyş we sagaldyş merkezleri, kenarýaka şäheri üznüksiz elektrik energiýasy bilen üpjün edýän bu beket mynasyp hyzmatlary bitirýär.

Ýeri gelende aýtsak, beket kuwwatly gaz turbinalary hem-de dünýäniň esasy önüm öndürijilerinden getirilen ygtybarly enjamlar bilen birkemsiz enjamlaşdyrylandyr. Işlän mahaly her bir turbinanyň özbaşdak ýagdaýdadygy bu ösen häzirki zaman elektrik bekediniň häsiýetli aýratynlygydyr. Ýokary tehnologiki elektron enjamy üçin göwnejaý şertleri döretmek maksady bilen, bu ýerde emeli ýagdaýdaky mikroklimat kadaly saklanylýar. Hut şonuň üçinem desga halkara hil ülňülerine, ekologiýa howpsuzlygynyň talaplaryna laýyk gelýändigi bilen tapawutlanýar.

Bu ýerdäki turbinalaryň saz işlemegi üçin çekilen uzynlygy 14,5 kilometr bolan ýangyç geçirijisi awtomatlaşdyrylan gaz paýlaýjy bekede birikdirilendir. Açyk paýlaýjy enjam, kuwwatly enjamlar toplumy turbinany «Awazanyň» deňiz ýakasyndaky Türkmenbaşy şäheriniň hem-de tutuşlygyna alnanda ýurdumyzyň elektrik ulgamlary bilen baglanyşdyrýar. Möhüm desga 3 sany esasy, 12 sany uly beketleri özünde jemleýär. Şeýlelikde, syýahatçylyk zolagyny elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edip, energiýa ulgamlarynyň saz işlemegine aýgytly täsirini ýetirýär.

Berkarar döwletimiziň energetika ulgamy barada edýän aladalaryndan ruhlanan awazaly energetikler geçen ýyly üstünlikli jemlediler. Has takygy, olar hasabat döwründe 1 milliard 133 million kilowat-sagatdan köp elektrik toguny sarp edijilere ýetirdiler. Netijede, bu baradaky meýilnama 104 göterim ýerine ýetirildi. Şonuň ýaly-da önümçiligiň degişli ösüş depgini 112 göterim berjaý edildi.

Täze–2024-nji ýyla buýsançly badalga alan «Awaza» döwlet elektrik bekediniň zehinli hünärmenleri şu ýylam has ýokary üstünlikleri gazanmagy meýilleşdirýärler. Şu günlerde hem olar täze ýylyň ilkinji aýyny görnükli netijeler bilen jemlemek üçin tagallaly zähmet çekýärler.