Ï Bereketli tikinçileriň batly gadamlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bereketli tikinçileriň batly gadamlary

view-icon 6051
Bereketli tikinçileriň batly gadamlary

Täze ýylyň ilkinji aýyndan başlap, milli ykdysadyýetimiziň dokma senagatynda hem ýokary üstünlikler gazanylýar. Däp bolup gelşine görä, ýylyň-ýylyna belent sepgitleri eýeleýän kärhanalaryň biri-de, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Balkan welaýatynyň Bereket şäherinde ýerleşýän tikin fabrigidir.

150 orunlyk öňdebaryjy kärhanada çeper elli tikinçileriň uly topary tutanýerli zähmet çekýär. Olaryň bilelikdäki yhlasly işi netijesinde bu ýerde geçen ýyl üstünlikli jemlenildi. Has takygy, şu döwürde 14 million 182 müň 477 manatlyga derek 19 million 994 müň 477 manatlyk dürli görnüşli önümler taýýarlanyldy. Şeýlelikde, kärhanada ýyllyk meýilnama 141 göterim berjaý edildi.

Häzirki wagtda ussat tikinçileriň ösen tehnologik enjamlarda öndürýän önümlerem ýokary hil derejesi, özboluşly aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Taýýar çeper tikin önümleri hem durmuş-önümçilik maksatly edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, harby bölümleriň sargytlary esasynda sarp edijilere yzygiderli ugradylýar.