Ï «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy agyz suwy ýataklaryny gözlemek boýunça işleri giňeldýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy agyz suwy ýataklaryny gözlemek boýunça işleri giňeldýär

view-icon 4601
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy agyz suwy ýataklaryny gözlemek boýunça işleri giňeldýär

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan agyz suwy ýataklaryny gözlemek we ýüze çykarmak boýunça işler alnyp barylýar. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Amanow hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, döwrebap tehnikalaryň kömegi bilen ýerasty suwlary gözlemek işlerini üstünlikli ýerine ýetirmek babatda döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri ýurdumyzyň sebitleriniň çäklerinde gidrogeologik barlag işlerini geçirýärler.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, agyz suwy ýataklaryny gözlemegiň we ýüze çykarmagyň möhüm wezipedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda işleri ylmy esasda alyp barmagyň ähmiýetine üns çekildi. «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy bu meselede netijeli işleri geçirmeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we zerur bolan halatynda, korporasiýanyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini yzygiderli gowulandyryp durmagy tabşyrdy.